Welaýatymyzda ýüpek gurçugyndan iň köp pile öndürýän Çärjew etrabynyň ýüpekçileri pellehana golaýlap gelýärler. Ýakynda biz ertrabyň 4-nji pile kabul ediş we guradyş bölüminde bolup, öňdebaryjy ýüpekçileriň armasyny ýetirdik. Olaryň onlarçasyny gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutlap, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar bilen sylagladyk.
Etrabymyzyň edermen ýüpekçileri her ýylda hem ýüpek gurçuklaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, bol pile ýygnamagy başarýarlar. Şu ýyl tejribeli ýüpekçileriň müňlerçesi bu möhüm iş bilen meşgullanýar.