Ak pileler — berekediň gözbaşy

7 Maý 2024
864

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde ýüpekçiligi ösdürmäge hem aýratyn uly üns berilýär.

Şu günler welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Mary etrabynda hem ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýylyň-ýylyna piläniň ýokary hilli hasylyny ýetişdirýän etrabymyzyň pileçilerine Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 1 müň 13 guty ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi. Ussat ýüpekçiler ýokary hilli pile almakda tutanýerli zähmet çekýärler we 2024-nji ýylda 37 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler. Olar özlerine edilýän hemaýat-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyp, gaýratly zähmet çekýärler.

Gadam BAÝRAMOW.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary etrap birleşmesiniň hünärmeni.