Kümüş çäjiň harmany

7 Maý 2024
801

Pederlerden miras galan kesp-kärleriň biri hem ýüpekçilikdir. Biziň welaýatymyzda ýüpek gurçugyny idetmek, ondan pile öndürmek ýaly sogaply işler bilen meşgullanýan tejribeli pileçi kärendeçiler näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem Kerki etrabynyň Hatap daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Gözel Nazargylyjowadyr. Ol ýakynda ilkinjileriň hatarynda döwlet harmanyna pile tabşyrdy. Ençeme ýyllardan bäri ýüpekçilik bilen meşgullanyp gelýän pileçi kärendeçi şu ýyl hem 20 gram ýüpek gurçugyny idedip, ondan 43 kilogram ýokary hilli pile almagy başardy.

Oňa bu işde maşgala agzalary ýakyndan ýardam berdiler. Gaýratly zenan indi birnäçe ýyllardan bäri ýylyň-ýylyna ýüpek gurçugyny idedip gelýär. Zähmetiň bar ýerinde rehnetiň hem bardygyny pileçi kärendeçi buýsanç bilen belleýär:

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.