"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Waharmanly bakjaçylar

Şu günler ak bazarlarymyzdaky bakja ekinleriniň bolçulygyny göreniňde gözüň dokunýar. Tomus günlerinde köpleriň islegli önümleri bolan gawun-garpyzlaryň bolçulygy başarjaň bakjaçylaryň yhlasly zähmeti bilen döreýär. Tejen etrabynyň «Waharman» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer bakjaçylary-da her ýyl türkmeniň şirin-şeker nygmaty bolan gawun-garpyzlaryň bol-bereketli hasylyny ýetişdirip gelýärler. Tejeniň, Babadaýhanyň we beýleki etrap merkezleriniň ak bazarlarynda gürrüňi edilýän hojalygyň zähmetsöýer bakjaçylarynyň alyn derini siňdirip ýetişdirýän gawun-garpyzlarynyň alyjysy ýetik. Türkmen bakjaçysynyň guwanjy bolan waharman gawunynyň adyny buýsanç bilen göterip gelýän bu hojalygyň başarjaň bakjaçylary uly ösüşlere we özgerişlere, wakalara beslenýän şanly ýylymyzda-da gawun-garpyzlaryň göwün göteriji hasylyny ýetişdirdiler. Ak bazarlarymyzda hemişe islegli önümleriň biri bolan baldan süýji, hoşbaý ysly, keşde torly waharman gawunlarynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde hojalygyň zähmetsöýer bakjaçylaryndan Çary Ýalkabow, Arslan Öwezow, Atajan Muhammedow, Merdan Çaryýew, Süleýman Muhammetgulyýew, Gurbanýaz Öwezow dagynyň tagallalary has-da uly boldy. Islegli önümleri ýetişdiren bakjaçylarymyzyň datly nygmatlary bu gün ak bazarlara, supralara bezeg goýýar.

Ussat daýhan

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginde ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde adygan kärendeçi daýhanlaryň onlarçasy bar. Şolaryň biri-de 2-nji kärendeçilik toparynyň öňdebaryjy kärendeçisi Parahat Durdyýewdir. Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyň eýesi zähmetsöýer kärendeçiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýetişdiren galla hasyly has-da bereketli boldy. Ol 10 gektar kärende ýerinde «Alekseýiç» görnüşli bugdaýy ýetişdirip, şol meýdandan bugdaýyň 20 tonna 230 kilogramynyň ýerine, 60 tonnadan gowragyny Watanymyzyň galla harmanyna goşdy. Şeýlelikde, öňdebaryjy daýhan bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny 298 göterim ýerine ýetirdi.

Göwnejaý taýýarlyk görülýär

Kaka etrabynyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 42 müň 400 gektarda güýzlük däne ekişini geçirmegi meýilleşdirýärler. Şoňa görä-de, olar meýdanlary ekiş möwsümine göwnejaý taýýarlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň oba zähmetkeşleri şu günler ekerançylygyň we daýhançylygyň ýörelgelerinden ugur alyp, ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini alyp barýarlar. Işleriň alnyp barlyşynyň ýokary hilli, talabalaýyk bolmagyny gazanmak üçin işe dahylly hünärmenler yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Ekişe niýetlenilen ýerleri dökünlemek hem taýýarlyk işleri utgaşykly amala aşyrylýar. Ekerançylyk meýdanlar fosfor bilen iýmitlendirilip, ýerler gurplandyrylýar.

Gowaçalar hasyl toplaýar

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Myrat Töräýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçilik toparynyň pagtaçy daýhanlary üstümizdäki ýylda 100 gektar meýdana gowaçanyň saýlantgy görnüşini ekip, şu günler ekiniň ideg işlerinde yhlasly zähmet çekýärler. Toparyň kärendeçileriniň her biriniň häzirki işleri göwnejaý alnyp barmagy gowaçanyň ýokary hasyl toplamagyna getirýär. Kärendeçiler Şamuhammet Myradow, Mähri Meredowa, Merdan Muhyýew, Enejan Hojageldiýewa, tejribeli suwçy Atabaý Meredow dagynyň çekýän asylly zähmetleri öwgä mynasypdyr. Mehanizator Öwezmyrat Jumanýazow gowaçalaryň hatarara bejergi işlerini ýokary hilli geçirip, gündelik tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirmegi başarýar.

Sürüm işleri geçirilýär

Ak bugdaý etrabynda bugdaý hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Üstümizdäki şanly ýylda etrabyň gallaçy daýhanlary 26 müň gektaryň hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak bilen, bu işe turuwbaşdan jogapkärli çemeleşýärler. Sürüm işi hem oba hojalygynda möhüm çäreleriň biridir. Ýokary hilli sürümiň topragy indiki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlamakda uly ähmiýeti bardyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň oba zähmetkeşleri häzirki meýdan işlerini göwnejaý ýerine ýetirýärler. Sürümde tehnikalaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynda bu babatdaky işler aýratyn bellärlikdir.

«Daýhan ädimi» üstünlige beslenýär

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň tejribeli kärendeçileri şu ýyl tutanýerli zähmet çekmek bilen, dänäniň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrmakda ýokary görkezijilere eýe bolup, bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny elmydama üstünlikli berjaý edip gelýärler. Has takygy, daýhan hojalygy tarapyndan 3 müň 300 gektar meýdana bugdaý ekilip, şertnamalaýyn borçnama 112 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa daýhan hojalygy tarapyndan Watan harmanyna 5 müň 955 tonna guşgursak dänäniň tabşyrylandygyny aňladýar. «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň Gyzylarbat etrabynyň çägindäki Garagum derýasynyň boýunda ýerleşmegi we suw bilen üpjünçiliginiň talabalaýyk bolmagy ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işlerini geçirmäge şert döredýär. Daýhan birleşiginiň işgärleri häzirki wagtda 800 gektar ýerde ekilen gowaçalara edilýän ideg işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Bu bolsa ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna getirýär.

«Ak derýanyň» gawuny

Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginiň bakjaçy kärendeçisi Babamyrat Ýuldaşow hem ata-baba bakjaçylyk kesp-kärini dowam etdirýär. Ýakynda biz bu bakjaçy kärendeçi bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol gawuny ösdürip ýetişdirmek barada şeýle gürrüň berdi: — Bakja ekini bolan gawuny ösdürip ýetişdirmek ata-baba kesp- kärlerimiziň biri. Maşgala agzalarym bilen bilelikde ençeme ýyllardan bäri 1 gektar ýerde gawunyň birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýärin. Şu ýyl gawunyň gök gürbek, gökje, igde ýaprak, garrygyz ýaly görnüşlerini ekdik. Gawun ekişini maý aýynda geçirdim. Otag, suw tutmak, zyýankeşlerden goramak ýaly, agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirdik. Gawunly atyzlara suw tutulanda, aýratyn ähmiýet bermeli. Howanyň gelşine görä, her on günden tä gawunlar torlap başlaýança suw tutulýar. Munuň özi gawunlaryň tagamynyň datly bolmagyna mümkinçilik berýär. Ähli ideg işlerinde maşgalam Zulfiýa Halmyradowa, gyzym Aziza ýakyndan ýardam berýärler.

Giň meýdanda zähmet joşýar

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gowaça ideg etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýurdumyzda ekin ekilýän meýdanlaryň agramly bölegini tutýan gowaça meýdanlarynda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek kärendeçi daýhanlaryň irginsiz çekýän zähmetine, başarjaňlygyna, tejribesine bagly. Bu ugurda baý tejribe toplan daýhanlar Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri-de, Baýramaly etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hudaýberdi Akmyradow. Ol özüne berkidilen 12 gektara golaý kärende ýerinde orta süýümli gowaçanyň «Ýolöten–7» sortuny ösdürip ýetişdirýär. Daýhan yhlasy bilen giň meýdanda gunçalap, gülläp, bir çetinden gozalap başlan gowaçalara ser salanyňda, bu ýerlerden bol hasylyň öndüriljekdigine bolan ynamyň artýar. — Şu günler gowaça meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, iýmitlendirmek bilen bir hatarda bu ekiniň zyýankeşlerine garşy bioserişdeleri hem peýdalanýarys. Ylaýta-da, biokärhanalarda öndürilýän altyngözlüjeleriň bu babatdaky ähmiýeti has-da uly. Şoňa görä-de, şu ýyl gowaçanyň her gektaryndan 45 sentner hasyl almagy maksat edinýäris. Biz, daýhanlara abadan durmuşda erkana ýaşamaga, yhlasly işlemäge, sahawatly toprakdan bol hasyl öndürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys — diýip, tejribeli daýhan Hudaýber

Azyk senagaty: düýe çalynyň taýýarlanylyşy

Halkymyzyň durmuşynda derde derman düýe çalyna taý geljek içgi, megerem, ýok bolsa gerek. Häzirki döwürde — tomus günlerinde teşneligiňi gandyryjy bu içgini taýýarlamagyň tehnologiýasy has ýokary derejelere ýetirildi. Aýratyn hem, türkmen telekeçileri tarapyndan senagat taýdan gaýtadan işlenilip, ýörite gaplara gaplanylyp, söwda nokatlaryna iberilýän düýe çalynyň hyrydary hemişe ýetik. Azyk senagatynda düýe çalyny taýýarlamagyň tehnologiýasynda ilki bilen, gönezlik taýýarlanylýar. Soňra şol gönezlik önümçilige iberilýär we ondan çal taýýarlanylýar.

Nohut — aralyk ekilýän kösükli ekin

Ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny, şol sanda onuň däneçilik pudagyny ösdürmäge ünsi has-da güýçlendirdi. Ýurdumyzda däneçiligi ösdürmek, kösükli ekinleriň agrotehnikasyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde kösükli, däneli ekinler hem esasy orny tutýar. Nohut birýyllyk kösükli ösümlik bolup, ol azyklyk we ot-iýmlik maksady bilen ekilýär. Onuň dänesinde 21 — 31 göterim belok, 4 — 7 göterim ýag, 2,4 — 12,4 göterim kletçatka bar. Nohudyň ununa 10 — 12 göterim bugdaý uny garylyp, dürli görnüşli çörek önümleri taýýarlanylýar. Nohut dünýäniň birnäçe ýurtlarynda ekilýär.

Gowaçanyň ujuny çyrpmak — bol hasylyň girewi

Gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri agrotehniki çäreleriň biridir. Gowaça ösümligi ösüşiniň dowamynda köp mukdarda hasyl şahalaryny – gunça, gül, goza emele getirýär. Emma birnäçe agrotehniki çäreleriň bozulmagy bilen çyrpym geçirmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Birinji suwuň has giç tutulmagy, ikinji suwuň arasynyň uzaklaşdyrylmagy, azot döküni berlende köp mukdarynyň peýdalanylmagy, hasyl elementiniň zaýalanmagy we zäherlenmegi, ýokary ýylylykda uzak wagtyň dowamynda saklanmagy ýaly amatsyz şertler sebäpli, gowaçanyň hasyl synalary ýere gaçýar. Ýokary hilli agrotehniki şertlerde emele gelen gunçalaryň diňe 45– 50 göterimi gülleýär. Hasyl synalarynyň köpçülikleýin dökülýän wagty iýul–awgust aýlaryna gabat gelýär. Bu döwürde ösümlikler güýçli ösüp, hasyl toplaýandygy sebäpli, iýmit maddalaryny we yzgary köp talap edýär. Şoňa görä-de, kök ulgamy ähli hasyl şahalaryny we hasyl agzalaryny iýmit we suw bilen ýeterlik üpjün edip bilmeýär. Şol sebäpli gunçalar we güller hasyl şahalarynda saklanyp bilmän dökülýär.

Tygşytlylyk — rysgal berekediň çesmesi

Tebigat zähmetkeş halkymyza baýlyk baryny eçilipdir. Türkmen tebigaty ýerasty we ýerüsti baýlyklary, keremli daglary, ajaýyp sährasy, gül-gülälekli baýyrlary, tereň derýalary, gojaman deňzi, miweli we saýaly agaçlary, bag-bakjalary, dermanlyk ösümlikleri, täsin haýwanat dünýäsi bilen Ýer ýüzüni haýrana goýýar. Ýaşaýşy gowulandyrmagyň gözleginde bolan ata-babalarymyz ähli nygmaty tygşytly, ýerlikli ulanmagy gündelik durmuşyna ymykly ornaşdyrypdyr. Mysal üçin, babadaýhan pederlerimiz suwy ýerlikli ulanyp, toprakdan bol hasyl almagyň inçeliklerini öwrenipdirler. Olar ekiniň suwy ýetmese guraýandygyny, suwy artyk bolsa çüýreýändigini bilipdirler. Diýmek, ýerden bol hasyl almak üçin suwy örän rejeli peýdalanmaly. Bu bolsa irginsiz zähmeti talap edýär. erkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bolelinlikde, eşretli durmuşda ýaşaýar. Il-ulsumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Ülkämiziň nazu-nygmatlardan doly toý saçagy gözleri, göwünleri dokundyryp, agzybirligiň, zähmetsöýerligiň, tygşytlylygyň bereket bulagydygyny görkezýär. Şeýle-de halkymyz zaýaçylyga, isripçilige ýol bermez. Munuň bilen bagly Keý-Kowsuň «Kowusnama» eserinde gymmatly pikirler öňe sürlüp: «Her betbagtlygyň bir sebäbi bardyr, garyplygyň sebäbi-de zaýaçylykdyr. Diňe bir mal-döwleti harçlamakda däl, iýmek-içmekde, işlemekde, gürlemekde — haýsy zatda bolsa-da, isrip etme

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Tomus pasly diýlende, saçaklarymyzyň berekedine bereket goşýan gök önümlerdir miweler göz öňüňe gelýär. Olary ösdürip ýetişdirmek babatda bakjaçy daýhanlar köpasyrlyk tejribe bilen häzirki zamanyň gazananlaryny utgaşdyryp, tutanýerli zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde-de, ilatyň bu önümlere islegi doly kanagatlandyrylýar. Bu bolsa ýurtda azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr. Şeýle işler ýurdumyzyň dürli künjeginde giň gerim alyp, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda-da mynasyp dowam etdirilýär. Beýleki obalardan tapawutlylykda, bu ýeriň adamlary pagtadyr bugdaý bilen birlikde, gök we bakja önümlerini ýetişdirmäge-de köp ýykgyn edýärler. Şonuň netijesinde-de, ençeme ýyllardan bäri bol hasyly ilata hödürläp gelýärler. Şu günler biýaralaryny çar tarapa ýaýradyp ösýän hyýarlaryň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Ýygnalan hasyl dürli gaplara gaplanyp, etraplara, söwda nokatlaryna, ak bazarlara ugradylýar. Hyýardan bankalara gaplap, tagamly işdäaçar taýýarlaýan kärhanalar hem ýeterlik. Önümçiligiň ýola goýluşy, hasylyň ýetişdirilişi barada gyzyklanyp, tejribeden ýüki ýetik daýhanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, «Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan» diýen aýtgynyň hut hyýar üçin aýdylan ýalydygyny bellediler. Sebäbi onuň suwy söýýändigini, idegini kem etmän, wagtly-wagtyna suwuny ýetirip dursaň, çaklanyňdanam artygrak hasyl b

BOL HASYL UGRUNDA

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 135 müň gektar meýdanda ekilen gowaçadan 280 müň tonna «ak altyn» almagy maksat edinýän Ahal welaýatynyň pagtaçylary tutanýerli zähmet çekýärler. Gowaça ideg işlerini pagta ýygymyna taýýarlyk işleri bilen utgaşykly alyp barmakda welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň edermen daýhanlarynyň çekýän yhlasly zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu etrap ýurdumyzyň iri etraplarynyň biri bolmak bilen, ýylyň-ýylyna ekinlerden ýokary hasyl öndürmekde uly üstünliklere eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda berjaý eden etrabyň janypkeş daýhanlary pagtaçylykda hem arzyly sepdigi nazarlaýarlar. Şoňa görä-de, olar şu günler gowaçalara ideg etmek işlerinde agrotehnikanyň kadalaryna berk eýerýärler. Etrap boýunça gowaça ekilen 21 müň 900 gektar meýdanda ekin göwnejaý boý alyp, bol hasyl toplaýar. Hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleriniň gyzgalaňly alnyp barylmagy gowaça oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle işlerde etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň, M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynyň zähmetkeşleri görelde bolýarlar. Bu hojalyklarda ekine zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşde biokärhanalarda köpeldilen altyngözlüjeleriň, trihogrammalaryň, gabrobra

«Gallam bar — tyllam bar»

Halkymyzda saçak, çörek, öý-ojak ýaly mukaddesliklere aýratyn sarpa goýulýar. Şol mukaddeslikleriň gözbaşynda bolsa ak bugdaý durandyr. Çünki ol diňe bir tebigy nygmat bolman, adamzat üçin Ýaradanyň ýaşaýyş ýalkawydyr. Türkmen uzak ýoldan gelen myhmany duz-çörek bilen garşylaýar. Ýakyn adamy uzak ýola çörek bilen ugratmak türkmeniň adatydyr. Däp-dessuryna, ynam-ynanjyna siňen ak bugdaýdan çörekli bolmak türkmen ojagy üçin iň uly abraýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndaky: «Gallam bar — tyllam bar» diýen peder paýhasynda, gör, nähili giň many bar! Ondan bugdaý önýän topragyň keramatdygy baradaky pikiri hem okap bolar, bugdaý ekýän we desterhanlaryň doly bolmagyny üpjün edýän halkyň umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşýandygy hakyndaky düşünje bolsa bu sözde lowurdap, nur saçyp durandyr» diýen setirlerde hem halkymyzyň ak bugdaýa goýýan sarpasy duýular. Elbetde, gallasyny tylla saýýan türkmeniň nesli hökmünde biziň her birimiziň gursagymyzda hem şeýle baýlyklara, ylahy nygmatlara bolan päk duýgular we arassa garaýyşlar bar. Biz atalarymyzyň terbiýe mekdebine ygrarly nesiller hökmünde çöregiň birje owuntygyny ýere gaçyrmagy günä saýyp ulalan nesiller. Saçagy sylamagy, una, bugdaýa aýawly garamagy körpelikden öwrenen gyzlar-ogullar. Şonuň üçin hem bugdaý dänesine bolan duýgular biziň ganymyzda, aňymyzda ýaşaýar. Bu terbiýäni nesille

Bir etrapdan iki habar

Gowaçalaryň göwnejaý idegi Gowaçalara talabalaýyk ideg edilmegi bol hasylyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň kärendeçi daýhanlary bu çäräni ýokary depginde dowam etdirýärler. Şu günlerde gowaçalar goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, zyýankeşlerden pugta goralýar, ösüş suwy tutulýar. Gowaça meýdanlarynda daýhan birleşiklerine, şeýle hem etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli tehnikalaryň 73-si işledilýär.

Halal zähmetiň berekedi

Pederleriň «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýen pendine eýerýän daýhanlarymyz oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagy, azyk bolçulygyny has-da berkitmegi maksat edinip, önjeýli we döredijilikli zähmet çekýärler. Olar daýhançylyk tejribelerini ylymda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşdyryp, ekin meýdanlaryny giňeltmegiň däl-de, her gektaryň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini boldan öndürmäge çalyşýarlar. Murgap jülgesiniň edermen gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 345 müň tonna bugdaýy Watan harmanyna goşmagy uly zähmet ýeňşini alamatlandyrdy. Bu arzyly sepgit olary ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy. Daýhanlar oba hojalyk pudagyny köptaraplaýyn ösdürmekde-de öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri özümizde ýetişdirip, ilaty ekologik taýdan arassa, datly, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerine päk zähmet bilen jogap bermegiň hötdesinden gelýärler. Ýurdumyzyň ilatyny ýylyň bütin dowamynda ter gök, bakja we miwe önümleri bilen üpjün etmekde asylly işleri alyp barýarlar.

Altyn başly hazyna

Ekinleriň soltany Tylla Günden reňk alan dänelerTohum bolup toprak bilen gatyşdy.Ene süýdün gana emen sünbüllerEkinlere soltan bolup ýetişdi.

Bugdaý — bereket, rysgal

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyz üçin rysgal-bereketli ýyllaryň birine öwrüldi. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi şanly ýylyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygy iň bir ähmiýet berilýän, işini guramagyň esaslary we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýän pudaklaryň biridir. Ýeriň hakyky eýesi bolan zähmetsöýer daýhanlary höweslendirmek, goldamak üçin döwletimiz tarapyndan uly işler edilýär. Olaryň halkymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin giň şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şu ýyl bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin ýörite Ylmy-barlag institutynyň döredilmegi, bugdaýyň bol hasyl berýän tohumlarynyň ekilmeginiň ýola goýulmagy bu pudagyň ösmegi üçin döwlet goldawynyň üstünlikli netijeleridir.

Bol hasyldan habar berýän hatarlar

Tomus paslynyň häzirki günlerinde Daşoguz welaýatynda gowaçalara ideg etmek işleri zähmet joşguny bilen dowam edýär. Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňilliklerden, giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan welaýatyň pagtaçy kärendeçileri, ussat ýer eýeleri bol hasyl ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu günler gül-gunçalap, öwşün atýan gowaçalara suw tutmak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hapa-haşal otlardan arassalamak ýaly möwsümleýin işler agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Demirgazyk welaýatyň pagtaçy ýer eýeleri şu ýyl gowaça ekilen 140 müň gektar meýdandan 275 müň tonna hasyl ýetişdirmegi maksat edinýärler. Bejergi işlerinde dürli kysymly traktorlaryň 2 müňden gowragy sazlaşykly ulanylýar. Tehniki hyzmatyň guramaçylykly ýola goýulmagy gowaçalaryň kadaly hasyl toplamagyna oňaýly täsir edýär. Welaýatyň Şabat, Görogly, Akdepe etraplarynda bol hasyl ýetişdirmegiň esasy şertleri bolan hatarara bejergisini geçirmek, boýy ýetýän gowaçalara suw bermek işleriniň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Akdepe pagtadan iň ýokary hasyl alynýan etrap hasaplanýar. Bu ýerde edermen pagtaçylaryň asylly zähmeti bilen, 32 müň gektar meýdana tohum sepilip, oňat gögeriş alyndy. Häzirki wagtda gowaçalar günsaýyn boý alyp, gül-gunçalara beslenýär. Şu ýyl etrap boýunça 61 müň 100 tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Etrabyň 20-den gowrak daýhan b