Şu günler ak bazarlarymyzdaky bakja ekinleriniň bolçulygyny göreniňde gözüň dokunýar. Tomus günlerinde köpleriň islegli önümleri bolan gawun-garpyzlaryň bolçulygy başarjaň bakjaçylaryň yhlasly zähmeti bilen döreýär. Tejen etrabynyň «Waharman» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer bakjaçylary-da her ýyl türkmeniň şirin-şeker nygmaty bolan gawun-garpyzlaryň bol-bereketli hasylyny ýetişdirip gelýärler.
Tejeniň, Babadaýhanyň we beýleki etrap merkezleriniň ak bazarlarynda gürrüňi edilýän hojalygyň zähmetsöýer bakjaçylarynyň alyn derini siňdirip ýetişdirýän gawun-garpyzlarynyň alyjysy ýetik. Türkmen bakjaçysynyň guwanjy bolan waharman gawunynyň adyny buýsanç bilen göterip gelýän bu hojalygyň başarjaň bakjaçylary uly ösüşlere we özgerişlere, wakalara beslenýän şanly ýylymyzda-da gawun-garpyzlaryň göwün göteriji hasylyny ýetişdirdiler. Ak bazarlarymyzda hemişe islegli önümleriň biri bolan baldan süýji, hoşbaý ysly, keşde torly waharman gawunlarynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde hojalygyň zähmetsöýer bakjaçylaryndan Çary Ýalkabow, Arslan Öwezow, Atajan Muhammedow, Merdan Çaryýew, Süleýman Muhammetgulyýew, Gurbanýaz Öwezow dagynyň tagallalary has-da uly boldy. Islegli önümleri ýetişdiren bakjaçylarymyzyň datly nygmatlary bu gün ak bazarlara, supralara bezeg goýýar.