Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň tejribeli kärendeçileri şu ýyl tutanýerli zähmet çekmek bilen, dänäniň bol hasylyny Watan harmanyna tabşyrmakda ýokary görkezijilere eýe bolup, bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny elmydama üstünlikli berjaý edip gelýärler. Has takygy, daýhan hojalygy tarapyndan 3 müň 300 gektar meýdana bugdaý ekilip, şertnamalaýyn borçnama 112 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa daýhan hojalygy tarapyndan Watan harmanyna 5 müň 955 tonna guşgursak dänäniň tabşyrylandygyny aňladýar.
«Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynyň Gyzylarbat etrabynyň çägindäki Garagum derýasynyň boýunda ýerleşmegi we suw bilen üpjünçiliginiň talabalaýyk bolmagy ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işlerini geçirmäge şert döredýär. Daýhan birleşiginiň işgärleri häzirki wagtda 800 gektar ýerde ekilen gowaçalara edilýän ideg işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Bu bolsa ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyna getirýär.