Tomus pasly diýlende, saçaklarymyzyň berekedine bereket goşýan gök önümlerdir miweler göz öňüňe gelýär. Olary ösdürip ýetişdirmek babatda bakjaçy daýhanlar köpasyrlyk tejribe bilen häzirki zamanyň gazananlaryny utgaşdyryp, tutanýerli zähmet çekýärler. Şonuň netijesinde-de, ilatyň bu önümlere islegi doly kanagatlandyrylýar. Bu bolsa ýurtda azyk bolçulygynyň has-da pugtalandyrylmagyna mynasyp goşantdyr.
Şeýle işler ýurdumyzyň dürli künjeginde giň gerim alyp, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda-da mynasyp dowam etdirilýär. Beýleki obalardan tapawutlylykda, bu ýeriň adamlary pagtadyr bugdaý bilen birlikde, gök we bakja önümlerini ýetişdirmäge-de köp ýykgyn edýärler. Şonuň netijesinde-de, ençeme ýyllardan bäri bol hasyly ilata hödürläp gelýärler. Şu günler biýaralaryny çar tarapa ýaýradyp ösýän hyýarlaryň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Ýygnalan hasyl dürli gaplara gaplanyp, etraplara, söwda nokatlaryna, ak bazarlara ugradylýar. Hyýardan bankalara gaplap, tagamly işdäaçar taýýarlaýan kärhanalar hem ýeterlik. Önümçiligiň ýola goýluşy, hasylyň ýetişdirilişi barada gyzyklanyp, tejribeden ýüki ýetik daýhanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, «Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan» diýen aýtgynyň hut hyýar üçin aýdylan ýalydygyny bellediler. Sebäbi onuň suwy söýýändigini, idegini kem etmän, wagtly-wagtyna suwuny ýetirip dursaň, çaklanyňdanam artygrak hasyl berýändigini öňdenem eşidýärdik. Ol ekilenden 40 gün soň hasyla durup ugraýar. Ýygym döwri başlandan, tä tamamlanýança, hyýary ortaça 40 — 45 gezek ýygyp bolýandygyny daýhanlar aýdýar. Ilkinji ýedi ýygym ikaşa, soňkular günaşadan ýola goýulýan eken. Ýedinji ýygym tamamlanansoň, hyýaryň doly derejede hasyla durýandygy, şol wagtlar biliňi berk guşap, goluňy çermäp, jan-jedel bolup zähmet çekilýändigi dogrusynda gyzykly gürrüňleri diňledik. Yssy howany halaýan bu ekiniň Günüň nury bilen döreýän bol hasyly uly islege eýe.