Gowaçanyň ujuny çyrpmak işleri agrotehniki çäreleriň biridir. Gowaça ösümligi ösüşiniň dowamynda köp mukdarda hasyl şahalaryny – gunça, gül, goza emele getirýär. Emma birnäçe agrotehniki çäreleriň bozulmagy bilen çyrpym geçirmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Birinji suwuň has giç tutulmagy, ikinji suwuň arasynyň uzaklaşdyrylmagy, azot döküni berlende köp mukdarynyň peýdalanylmagy, hasyl elementiniň zaýalanmagy we zäherlenmegi, ýokary ýylylykda uzak wagtyň dowamynda saklanmagy ýaly amatsyz şertler sebäpli, gowaçanyň hasyl synalary ýere gaçýar. Ýokary hilli agrotehniki şertlerde emele gelen gunçalaryň diňe 45– 50 göterimi gülleýär.
Hasyl synalarynyň köpçülikleýin dökülýän wagty iýul–awgust aýlaryna gabat gelýär. Bu döwürde ösümlikler güýçli ösüp, hasyl toplaýandygy sebäpli, iýmit maddalaryny we yzgary köp talap edýär. Şoňa görä-de, kök ulgamy ähli hasyl şahalaryny we hasyl agzalaryny iýmit we suw bilen ýeterlik üpjün edip bilmeýär. Şol sebäpli gunçalar we güller hasyl şahalarynda saklanyp bilmän dökülýär.