"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hasyllylygy kesgitlemegiň usullary

Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ekin meýdanlarynyň görkezijileri bilen berk baglydyr. Ekinleriň hasyllylyk derejesi kesgitlenende, olaryň jemi ýygnalan hasylyny we ekin meýdanyny häsiýetlendirýän görkezijiler peýdalanylýar. Öz aralarynda tapawutlanýandyklaryna garamazdan, hasylyň we hasyllylygyň görnüşleri biri-biri bilen baglanyşykly bolýarlar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Soňky ýyllarda oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmekde, pudagyň ägirt uly mümkinçiliklerinden peýdalanyp, täzeçilligi girizmekde uly üstünlikler gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, dürli görnüşdäki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, pudagy ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak babatda alnyp barylýan işleri döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy.

Tokly – urbalyk mal

Dowardarçylykda ýaş guzulary talabalaýyk, dogry ösdürip ýetişdirmek iň jogapkärli çäreleriň biri. Guzuly goýunlary talabalaýyk idetmek üçin olardan uly bolmadyk aýratyn toparlar (körpe, orta, tokar we uly topar) düzülýär. Bu toparlarda, guzularyň ýaşy, ösüş derejesi we saglyk ýagdaýy gözegçilikde saklanylýar. Bu bolsa ýaş guzulary ösdürip ýetişdirmek üçin amatly we netijeli usul hasaplanylýar. Soňky uly topara geçirilen 15 günlük guzular tä enesinden seçilip aýrylýança, 4 – 4,5 aýa çenli eneleri bilen bile bakylýar. Ýaş guzulary tomus pasly jöwzaly yssy howada gün urmaz ýaly, ýerli materiallardan (gamyşdan, ýylgyndan) gurlan taşanyň aşagynda saklamaly. Guzuly goýunlary gün içinde iki gezek süýji suw bilen üpjün etmeli. Ajy, şor suw guzularyň içini geçirýär. Guzulary suwa ýakmak üçin guýynyň gapdalynda pessejik suw nowalaryny goýmaly. Guzular nowadan suwa ýakylmasa, mejbur bolup, ýata, hapa suw içýärler, bu bolsa olary garyn-içege kesellerine duçar edýär. Mallar suwa ýakylanda çopan süriniň yzyna eýgermejek gowşak, göýdük, näsag guzulary we keselli goýunlary saýlap, süriden çykaryp, goşmaça iýmlemegi guramaly (günde mal başyna 200 – 300 gram iým berilýär). Näsag mallary mal lukmanyna görkezmeli.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Iň uly ýertudana Dünýädäki iň uly ýertudananyň agramy 289 grama deň. Ol adaty ösdürilip ýetişdirilýän ýertudanadan 20 esse uludyr. Bu ýertudana Çahi Ariel (Ysraýyl) kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylda ösdürilip ýetişdirildi.

Bol miwe hasyly ýygnalýar

Gök–bakja, miwe önümleriniň bol hasylynyň ýetişdirilmegi ilatymyzy olar bilen ygtybarly üpjün etmäge uly mümkinçilik berýär. Bu babatda Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň bitirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Birleşigiň tejribeli bagbanlary 138 gektar ýerde dürli görnüşli miweli, saýaly baglary idedýärler. Bagbanlar şu günler çekýän ýadawsyz zähmetleriniň netijesinde, ýetişdirilen miwe hasylyny ýygnap ilatymyza elýeterli bahalardan hödürleýärler. Göreldeli bagbanlardan Rahym Abdullaýew, Bazarbaý Kamalow, Japbarbergen Sabyrow, Tursunbaý Nuraddinow dagyny görkezmek bolar. Olar özleriniň yhlasly zähmeti bilen daýhan birleşiginiň beýleki bagbanlaryna görelde bolýarlar. Bol miwe hasylynyň ýetişdirilmegi hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden  getirilýän harytlaryň ýerini tutýan, ekologiýa taýdan arassa, ter gök-bakja, miwe önümleri bilen ilatymyzy ýylyň ähli döwründe ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň iş ýüzünde berjaý edilýändigini görkezýär.

Ýurdumyzyň gök-bakja önümleriniň eksporty barha ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Soňky ýyllarda bereketli türkmen topragynda öndürilýän önümleriň mukdary barha ýokarlanyp, daşary döwletlere eksport edilýän möçberleri ýokarlanýar. Oba hojalyk önümlerini eksport etmekde türkmen telekeçileri ýokary görkezijileri gazanýarlar. 2024-nji ýylda daşary ýurtlara çykarylan oba hojalyk önümleriň iň köp bölegini garpyz-gawun tutýar.

Garpyzyň dünýä bazaryndaky orny

Garpyzyň düzüminiň 90 göterimden gowragy suwdan ybarat bolup, hem teşneligi gandyrýar, hem ýeňil siňýär. Şeýle-de bu bakjanyň düzüminde B, C, E, P witaminleri, pektin maddalary, foliý turşusy, magniý elementi, demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Halk lukmançylygynda garpyz ýürek-damar, çiş keselleriniň öňüni almakda, gan damarlarynyň çeýeligini saklamakda, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz diňe bir adam saglygyna peýdaly bolman, eýsem, dünýä ykdysadyýetine hem oňyn täsirini ýetirýär. Garpyz ösdürip ýetişdirmek Hytaý üçin diňe bir oba hojalyk ekini bolman, eýsem, ýurduň oba ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hasaplanýar. Çünki ýurduň bu pudagy millionlarça daýhanlary iş bilen üpjün edýär we obalaryň ykdysady durnuklylygyna goşant goşýar. Şeýle-de garpyz we garpyz önümleriniň (tohumy, şerbedi) eksporty ýurt üçin girdeji çeşmesi bolup durýar.

Möhüm pudakda mynasyp işler

Ilaty ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Şu maksatdan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. 29-njy iýulda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirmegi hem bu ugurda möhüm waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, pudaga uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

1 million tonna bugdaý eksport eder

Gazagystan Azerbaýjana ýylda 1 million tonna bugdaý eksport etmäge taýýar. Bu barada Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligine salgylanyp, «Trend» habar berdi. Çeşmede bellenilişine görä, pugta işlenip düzülen we üstünlikli işleýän dänäni saklamak we satmak ulgamy Azerbaýjana agzalan möçberdäki eksporty ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Russiýa 70 million tonna galla eksport etdi

Geçen oba hojalyk ýylynda (2023-nji ýylyň iýuly — 2024-nji ýylyň iýuny) Russiýa 70 million tonnadan gowrak galla eksport etdi. Bu ýurduň galla eksportyndaky rekord görkezijidir. «Interfaksyň» habar bermegine görä, tamamlanan oba hojalyk ýylynda Russiýanyň galla eksportynda 17 göterimlik ösüş hasaba alnypdyr. Has takygy, 2022 — 23-nji oba hojalyk ýylynda Russiýa daşary ýurtlara 60 million tonna galla eksport edipdi.

Alymy meýdan synaýar

Watan hakyndaky her bir gürrüň onuň goýnunda mesgen tutan halk bilen aýrylmaz bagly bolýar. Ynsan mesgen-mekan edinenden soň, Zemin künjekleriniň arzyly Watana, eýeli ýurda öwrülýändigi mälim. Allanyň türkmene miýesser eden gözel künjeginiň — Türkmenistanyň ähli ýeri gözellik, topragynyň üsti-asty hazyna. Şol gözelliklere we hazynalara ygtybarly eýe bolýan rysgally-döwletli halkymyz bar. «Şatlyk mesgen tutmaz dar köňüllerde» diýlişi ýaly, türkmeniň köňlüniň giňligi we ruhunyň baýlygy, megerem, ozaly, tebigatyndan gaýdýandyr. Topragy ene saýýan, onuň gadyr-gymmaty hakynda onlarça nakyllary döreden, ýer eýesini han hasaplan, «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýýän türkmeniň bu boldan berlen ýer baýlygyna tapylgysyz gymmatlyk, eşrepi ýaly garaýşyna haýran galaýmaly. Heý, başgaça bolup bilermi?! Ýer türkmeniň tükeniksiz, könelmeýän, garramaýan hazynasy, halal rysgal çeşmesi. Şu garaýşyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da berkeýändigini, milli ýörelge hökmünde ykrar edilýändigini hormatly Prezidentimiziň 29-njy iýulda oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunca geçiren iş maslahaty ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Oba hojalygy: rowaçlyklara beslenýän özgertmeler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hepdäniň duşenbe güni ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahaty häzirki döwürde giň möçberde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň has kämilleşdirilmegini, üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýän, bu ugurda täze çemeleşmelere, röwşen geljegi nazarlaýan beýik işlere badalga berýän aýratyn ähmiýetli waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, möhüm tabşyryklary esasynda milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli pugtalandyrylmagy, pudagy dolandyrmagyň, hojalygy ýöretmegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýer eýeleriniň, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bagly täze wezipeler kesgitlenildi. Möwsümleýin işleriň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde wajyp meselelere garalyp, döwrebap başlangyçlaryň öňe sürülmegi edermen babadaýhanlarymyzy has tutanýerli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda giň gerimli özgertmeleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda geçirilmeli möhüm çärelere, wajyp iş ugurlaryna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilen toplumlaýyn çäreler pudagyň binýadyny pugtalandyryp, oba hojalyk önümlerini öndürmegi ilerletmäge, daýhanlaryň durmuş-

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Ahal Şöhratly künjege syýahat

Alma bagy

Gadymy Märkaw dagyny etekläp oturan Arkadag şäheriniň dabarasy dag aşyp, çawy ilden-illere, ýurtdan-ýurda ýetdi. Hakykatdan-da, bu mekanda «akylly» şäheriň gurlanyna ýaňy bir ýyl wagt geçen hem bolsa, onuň çäklerine ekilen bezeg baglary bu gün şäheriň görküne görk goşup, gözellik paýlap otyr. Baglaryň gözelligini synlap barşyňa, şäheriň etegine çykanyňy hem duýman galýarsyň. Arkadag şäheriniň eteginde ýene bir baglygyň üstünden barýarsyň. Bezeg baglary bilen bäsleşip, töweregine gol uzadyp oturan bu ir-iýmişli baglaryň hem Arkadag şäherine özboluşly görk berýändigini duýýarsyň.

Ata kesbini ýöredýän zenan

Daýhan maşgalasynda kemala gelen Akjagülüň ýaşlyk ýyllary bol hasylly bugdaýdyr «ak altynly» pelleriň goýnunda geçdi. Kakasy tejribeli kärendeçi Jorageldi Jumanazarowyň ýanynda bolup, mele toprakdan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny öwrendi. Durmuş gurdy. Oba hojalygyndan kämil başy çykýan ýigit bilen maşgala guranyndan soň, çagalygyndan ene topraga mähri siňen gelin öýde oturyp, karar tapmady. Rysgal-bereketli pelleri küýsedi durdy. Adamsy oňa her bir işde ýakyndan ýardam berdi. 1993-nji ýylda Akjagül Allakulowa Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň Narmyrat Hudaýnazarow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçiler toparyna agza bolup, maşgalasyna 5 gektar ýeri kärendesine aldy. Onuň dört gektaryna bugdaý, bir gektaryna bolsa gowaça ekdi. Oňa bu işde adamsy Alym hem kömege geldi. Akjagül adamsyndan daýhançylyk babatda köp zatlary öwrendi. Öňdenem işe werziş gelin işe höwesli ýapyşdy. Onuň ussatlygy ýyldan-ýyla kämilleşdi, alýan hasylynyň mukdary barha artdy. Netijede ol ilki kärendeçiler toparynda, soňabaka daýhan birleşiginde, ondan soňra bolsa, tutuş etrapda öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda tanalyp ugrady. Dogrusyny aýtsak, Akjagül her ýyl bugdaýdan ýokary hasyl alyp, guwandyryjy netijeleri gazanýar. 2010-njy ýyl bu ussat kärendeçi üçin has şowly ýyllaryň biri boldy. Şol ýyl bu janypkeş zenan bugdaý eken meýdanynyň her gektarynyň ha

Daýhanlaryň ýardamçylary

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny ileri tutup ösdürmegiň hasabyna ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär. Şeýle möhüm işe lebaply daýhanlar-da mynasyp goşant goşýarlar. Olar üstümizdäki ýylyň galla oragyny hem üstünlikli jemlediler. Welaýatymyzyň gallaçylarynyň arzyly pellehana abraý bilen ýetmeginde kuwwatly kombaýnlara erk edýän mehanizatorlaryň saldamly paýlary bar. Olar hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ygtybarly we kuwwatly tehnikalaryny bökdençsiz işledip, altynsow çäjiň beýgelmegini gazandylar. Bu il-ýurt bähbitli işde tapawutlanýanlaryň hatarynda Nobatgeldi Abdyrahmanow hem bar. Ol Halaç etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli mehanizatorlaryň biridir.

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

Ýerler ekişe taýýarlanylýar Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Baýramaly etrabynyň hem ekerançylyk meýdanlarynda däneden boşan ýerleri täze ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Her bir kärendeçi bol hasyl almak üçin ýerleriň öňünden talabalaýyk taýýarlanylmalydygyna örän oňat düşünýär.

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agrar syýasatyny oba zähmetkeşleriniň arasynda wagyz etmek maksady bilen Dostluk galla önümleri kärhanasynda maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän özgertmelere, oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitlere, ilaty zähmete höweslendirmekde alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Partiýa işgärleri pudagy ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijeleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem agrosenagat toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýer, suw we beýleki serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirkizaman durmuş düzümlerini döretmek ugrunda ýetilen belent sepgitler dogrusyndaky buýsançly çykyşlar ildeşlerimizi mundan beýläk-de önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Maslahata gatnaşyjylar oba hojalyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge giň ýardam berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

«Gülzeminiň» miweli bagynda

Ýurdumyzda döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, tarp ýerleri özleşdirmek, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we ilatymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen döredilen hojalyklaryň biri-de «Gülzemin» daýhan hojalygydyr. Telekeçi Nurmuhammet Täşliýew tarapyndan Gökdepe etrabynyň çäginde döredilen daýhan hojalygynyň işi bu günki gün has-da ilerleýär. 2016-njy ýylda daýhan hojalygyna Garagumuň jümmüşinden bölünip berlen 200 gektar ýer bölegi bada-bat özleşdirilip başlanýar. Kämil tehnikalaryň, tejribeli hünärmenleriň yhlasly zähmeti bilen ýerleriň özleşdirilen böleklerinde dürli ir-iýmişli baglar oturdylyp, olara ylmy esasda, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýär. Özleşdirilýän ýerleriň hasabyna ýylyň-ýylyna bagçylygyň gerimi giňemek bilen bolýar. Ine, bu gün giň sähranyň jümmüşinde döredilen bagy-bossanlyk özboluşly gözelligi emele getirip, göwnüňi göterýär. Ýer böleginiň 175 gektarynda ir-iýmişli baglar hatar gurap össe, galan 25 gektaryny beýleki binalardyr kömekçi desgalar eýeleýär.

Täze hasylyň aladalary

Gowaçalar hasyl toplaýar Sarahs etrabynyň Sarahs önümçilik kärhanasy tarapyndan şu ýyl 450 gektar meýdana gowaça ekilip, onuň her gektaryndan 25 sentnere ýetirip hasyl almak meýilleşdirilýär. Kärhananyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi geçirmek, goşmaça iýmitlendirmek, suw tutmak işleriniň öz wagtynda ýola goýulmagy bilen gowaçalar ýokary hasyl toplaýar.