Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agrar syýasatyny oba zähmetkeşleriniň arasynda wagyz etmek maksady bilen Dostluk galla önümleri kärhanasynda maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän özgertmelere, oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitlere, ilaty zähmete höweslendirmekde alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi.
Partiýa işgärleri pudagy ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijeleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem agrosenagat toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýer, suw we beýleki serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirkizaman durmuş düzümlerini döretmek ugrunda ýetilen belent sepgitler dogrusyndaky buýsançly çykyşlar ildeşlerimizi mundan beýläk-de önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Maslahata gatnaşyjylar oba hojalyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge giň ýardam berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.