Daýhan maşgalasynda kemala gelen Akjagülüň ýaşlyk ýyllary bol hasylly bugdaýdyr «ak altynly» pelleriň goýnunda geçdi. Kakasy tejribeli kärendeçi Jorageldi Jumanazarowyň ýanynda bolup, mele toprakdan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny öwrendi. Durmuş gurdy. Oba hojalygyndan kämil başy çykýan ýigit bilen maşgala guranyndan soň, çagalygyndan ene topraga mähri siňen gelin öýde oturyp, karar tapmady. Rysgal-bereketli pelleri küýsedi durdy. Adamsy oňa her bir işde ýakyndan ýardam berdi.
1993-nji ýylda Akjagül Allakulowa Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň Narmyrat Hudaýnazarow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçiler toparyna agza bolup, maşgalasyna 5 gektar ýeri kärendesine aldy. Onuň dört gektaryna bugdaý, bir gektaryna bolsa gowaça ekdi. Oňa bu işde adamsy Alym hem kömege geldi. Akjagül adamsyndan daýhançylyk babatda köp zatlary öwrendi. Öňdenem işe werziş gelin işe höwesli ýapyşdy. Onuň ussatlygy ýyldan-ýyla kämilleşdi, alýan hasylynyň mukdary barha artdy. Netijede ol ilki kärendeçiler toparynda, soňabaka daýhan birleşiginde, ondan soňra bolsa, tutuş etrapda öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda tanalyp ugrady. Dogrusyny aýtsak, Akjagül her ýyl bugdaýdan ýokary hasyl alyp, guwandyryjy netijeleri gazanýar. 2010-njy ýyl bu ussat kärendeçi üçin has şowly ýyllaryň biri boldy. Şol ýyl bu janypkeş zenan bugdaý eken meýdanynyň her gektarynyň hasyllylygyny 62 sentnerden geçirmegi başardy. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýleni. Şowlulyklar oňa hormat, abraý getirdi. Şol ýyl ol Şa serpaýy — «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy. Zähmetine berlen mynasyp baha onuň buýsanjyny artdyryp, zähmete bolan höwesine höwes, yhlasyna yhlas goşdy.