Alymy meýdan synaýar

3 Awgust 2024
518

Watan hakyndaky her bir gürrüň onuň goýnunda mesgen tutan halk bilen aýrylmaz bagly bolýar. Ynsan mesgen-mekan edinenden soň, Zemin künjekleriniň arzyly Watana, eýeli ýurda öwrülýändigi mälim. Allanyň türkmene miýesser eden gözel künjeginiň — Türkmenistanyň ähli ýeri gözellik, topragynyň üsti-asty hazyna. Şol gözelliklere we hazynalara ygtybarly eýe bolýan rysgally-döwletli halkymyz bar. «Şatlyk mesgen tutmaz dar köňüllerde» diýlişi ýaly, türkmeniň köňlüniň giňligi we ruhunyň baýlygy, megerem, ozaly, tebigatyndan gaýdýandyr.

Topragy ene saýýan, onuň gadyr-gymmaty hakynda onlarça nakyllary döreden, ýer eýesini han hasaplan, «Ýykylsaň, ýere ýapyş» diýýän türkmeniň bu boldan berlen ýer baýlygyna tapylgysyz gymmatlyk, eşrepi ýaly garaýşyna haýran galaýmaly. Heý, başgaça bolup bilermi?! Ýer türkmeniň tükeniksiz, könelmeýän, garramaýan hazynasy, halal rysgal çeşmesi. Şu garaýşyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da berkeýändigini, milli ýörelge hökmünde ykrar edilýändigini hormatly Prezidentimiziň 29-njy iýulda oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunca geçiren iş maslahaty ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».