«Gülzeminiň» miweli bagynda

30 Iýul 2024
558

Ýurdumyzda döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, tarp ýerleri özleşdirmek, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we ilatymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen döredilen hojalyklaryň biri-de «Gülzemin» daýhan hojalygydyr. Telekeçi Nurmuhammet Täşliýew tarapyndan Gökdepe etrabynyň çäginde döredilen daýhan hojalygynyň işi bu günki gün has-da ilerleýär.

2016-njy ýylda daýhan hojalygyna Garagumuň jümmüşinden bölünip berlen 200 gektar ýer bölegi bada-bat özleşdirilip başlanýar. Kämil tehnikalaryň, tejribeli hünärmenleriň yhlasly zähmeti bilen ýerleriň özleşdirilen böleklerinde dürli ir-iýmişli baglar oturdylyp, olara ylmy esasda, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýär. Özleşdirilýän ýerleriň hasabyna ýylyň-ýylyna bagçylygyň gerimi giňemek bilen bolýar. Ine, bu gün giň sähranyň jümmüşinde döredilen bagy-bossanlyk özboluşly gözelligi emele getirip, göwnüňi göterýär. Ýer böleginiň 175 gektarynda ir-iýmişli baglar hatar gurap össe, galan 25 gektaryny beýleki binalardyr kömekçi desgalar eýeleýär.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy». SURATLARDA daýhan hojalygynyň işinden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.