"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ykdysady ösüşde tehnologiýalaryň orny

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalardyr dürli ugurlara degişli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, ýagny sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ulgama geçilmegi maliýe bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasynda özara gatnaşyklaryň düýpli özgerdilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hyzmatlaryň dessinliginiň artdyrylmagyny hem-de hyzmat etmegiň alternatiw usullaryny ulanmak arkaly müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri hakynda oýlanyp otyrkaň, dünýäňi iň ýakymly duýgular gurşap alýar. Şeýle bolansoň, onuň ähmiýetinden, eçilýän eşretinden söz açasyň gelip durýar. Meniňki hem şoňa bardy. Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyndan alan karz pulumy her aýyň başynda banka gatnap töläp ýörkäm, birdenem kellämde sowal äheňli pikir peýda boldy. Şonuň esasynda-da, öz-özüme maslahat berip: «Eýsem-de, sanly ulgamyň ýola goýlup, ýokary depgin bilen ösdürilýän döwründe näme üçin banka gatnap ýörün?!» diýdim. Haý diýmänem, iş ýerimiziň ikinji gatyndaky pul beriji enjamyň öňünde peýda boldum. Düwmelerini basyşdyryp, degişli pul serişdesini bankyň hasabyna geçirdim. Bu, elbetde, birinji gezekde o diýen ýeňil düşmedi. Ýöne ikinji gezek tölemäge baranymda oňa meniň bary-ýogy iki minut wagtym gitdi. Eger ýörite gidip töläp gelen bolsam, ol meniň azyndan iki sagadymy alardy. Sanly ulgamyň eşretini, ine, şular ýaly ýagdaýlarda has ýakyndan duýmak bolýar.

Sanly ulgam ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler we beýlekiler bilen üpjün edildi. Bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Internet toruna hem birikdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Bularyň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär

Täze tehnologiýalaryň ykdysady netijeliligi

Nebitli we gazly guýularyň gurluşygy köp zähmeti talap edýän prosesleriň biri bolup, onuň hemme tapgyrlary täze buraw tehnikalarynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen baglydyr. Şol sebäpli, geljekde buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak köp babatda ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagy bilen kesgitlenilýär, onuň netijeleri bolsa, buraw işleriniň tehniki-ykdysady görkezijileriniň hakyky ýokarlanyşyny görkezýär. Önümçilik prosesine täze tehnikanyň ornaşdyrylmagy ahyrky netijede nebitli we gazly guýularyň burawlanylyşynyň tizliginiň ýokarlanmagyna, guýularyň gurluşygynyň möhletiniň kemelmegine we buraw işleriniň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine getirýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işlerini ýerine ýetirýän kärhanalarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň önümi bolan almaz dolotolary ulanylýar. Almaz dolotosy dag jynslaryny ýumurýan, birnäçe guýularda işlemäge ukyply we öz ätiýaçlygyny müňlerçe metre çenli çuňluklarda işläp geçýän häzirki zaman ygtybarly guraldyr. Häzirki zaman buraw dolotolary bir gatnawda diňe bir dürli görnüşli dag jynslaryny burawlamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň dürli stratigrafik bölümlerinde hem burawlamaga ukyplydyr. Almaz dolotosy dag jynslaryna täsir ediş häsiýetleri boýunça sürtüp owradyjy we kesiji guraldyr. Bu dolotolary has uly çuňlukly guýular burawlananda ulanmak maksadalaýykdyr. Şo

«Stel­lan­tis» bi­len «Ama­zon»-yň hyz­mat­daş­ly­gy giňeýär

Öň «Fi­at Chrys­ler» ady bi­len ta­nal­ýan aw­tou­lag ön­dü­rýän «Stel­lan­tis» kom­pa­ni­ýa­sy «Ama­zon»-yň ulag­la­ryn­da we bu­lut hyz­mat­la­ryn­da do­lan­dy­ryş pa­nel­le­ri üçin prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le hem «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy 2023-nji ýyl­da çy­ka­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän «Stel­lan­tis Ram Pro­Mas­ter» elekt­rik aw­tou­la­gy üçin kom­pa­ni­ýa­nyň il­kin­ji müş­de­ri­si bo­lar. «Ama­zo­n»-y «Iň go­wy bu­lut üp­jün edi­ji­si» di­ýip at­lan­dy­ran we 2030-njy ýy­la çen­li  «Ama­zon» üçin 100 müň aw­tou­lag şert­na­ma­sy ber­len «Rivian»-yň ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da sa­tu­wy 9% pe­sel­di. «Stel­lan­tis»-iň sa­tuw­la­ry, ter­si­ne, gü­nüň ahy­ry­na çen­li 4% ýo­kar­lan­dy.

«Beyond Me­at»-iň paý­na­ma­la­ry 3% gymmatlady

Çalt iý­mit el­tip ber­mek ul­ga­my «KFC»-niň tagamnamasynda «Beyond Me­at»-iň ösüm­lik to­wu­gy­ny goş­jak­dy­gy­ny mä­lim ede­n­den soň, «Beyond Me­at» al­ter­na­tiw et kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 3% ýo­kar­lan­dy. «KFC»-iň ha­ba­ry­na gö­rä, iki kom­pa­ni­ýa hem en­çe­me ýyl bä­ri tä­ze önüm­le­ri­ni sy­nag­dan ge­çir­ýär­ler. «Beyond Me­at»-iň gow­ru­lan to­wugynyň tagamnamasyna goşulmagy bilen, «KFC»-iň sargytlary hem ep-esli ýokarlandy. Iki kompaniýa ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyny şeýle dowam etmegi, şol birwagtyň özünde önümlerini alyş-çalyş etmegi ýola goýdular. 

«Sam­sung» kompaniýasy «Bio­gen»-i satyn alýar

Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Sam­sung Group» kom­pa­ni­ýa­sy «Bio­gen» bio­teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­ny ABŞ-nyň 42 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn al­mak­ üçin gep­le­şi­k ge­çir­ýär. Bu ba­ra­da «Ko­rea Econo­mic Dai­ly» ne­şi­ri ha­bar berdi. Ne­şi­rdä­ki ha­ba­ra la­ýyk­lyk­da, ABŞ-nyň «Bio­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň umu­my ba­ha­sy, tak­my­nan, 50 tril­li­on won­dan gow­rak paý­na­ma­la­ry­ny «Sam­sung Group»-a sat­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy aý­dyl­ýar. Mag­lu­mat üçin, 2011-nji ýyl­da «Sam­sung» we «Bio­gen» kom­pa­ni­ýa­la­ry der­man se­riş­de­le­ri­ni iş­läp çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len, bi­le­lik­de kär­ha­na dö­ret­mek ba­ra­da yla­la­şy­ga ge­lip­di­ler.

«Tu­Simp­le» sü­rü­ji­siz ýük aw­toula­gy­ny sy­nag­dan ge­çir­di

«Tu­Simp­le» kom­pa­ni­ýa­sy aw­to­ma­ti­ki he­re­ket­len­di­riş ul­ga­my­ny dö­re­di­ji «NVIDIA» kor­po­ra­si­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňeld­ýär. «Tu­Simp­le» tä­jir­çi­lik taý­dan sürüjisiz ýük da­şa­ýan ulaglaryny ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa gys­ga wag­tyň için­de 4-nji de­re­je­li aw­to­pi­lo­ty öndür­me­gi mak­sat edin­ýär. «Tu­Simp­le»-iň ösen sü­rü­ji­siz aw­tou­lag­la­ry üçin ýö­ri­te dö­re­di­len «NVIDIA DRIVE Orin SOC» çi­pi bo­lar. «NVIDIA DRIVE Orin» mo­du­ly se­kunt­da 1 tril­lion ama­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler. Çip şol bir­wag­tyň özün­de wi­deo ýaz­gy­sy­ny, mul­timedi­ýa ul­ga­my­nyň iş­leý­şi­ni, sim­siz mo­dem­le­ri, duý­du­ryş­la­ry we ş.m. üp­jün ed­ýär. 

Ösen tehnologiýalar — kämilligiň binýady

Dünýäniň we döwrüň ösüşleriniň tizligi bilen deň gadam urýan Watanymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we halka hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, pudaklaýyn düzümlere sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlary geçirmegiň döwletara optiki-süýümli ulgamlarynyň birnäçesi hereket edýär.

Kiberhowpsuzlyk — maglumat goraglylygynyň binýady

Häzirki zaman dünýäsi ösen tehnologiýalara daýanýar. Durmuşyň islendik pudagynda ylmyň, tehnologiýanyň gazananlary netijeli ulanylýar. Kämil tehnologiýalar döwlet durmuşyny netijeli guramakda, işleri tiz we tygşytly ýola goýmakda, raýatlaryň intellektual derejesini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli alyp barýan syýasaty netijesinde ýurdumyzda pudaklary sanlylaşdyrmakda, ösen tehnologiýalara esaslanýan durmuş-ykdysady özgertmelerini geçirmekde, halkyň intellektual derejesini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Tehnologiýa, kompýuter ulgamlarynyň durmuşa giňden ornaşmagy bilen maglumat alyş-çalşygy giňeýär. Hut şonuň üçin ýurdumyzda maglumat desgalarynyň we eýeçiligiň ähli görnüşinde ulanylýan aragatnaşyk ulgamlarynyň kibergoraglylygy üpjün edilýär. Olara ähli ulgamlaryň elektron dolanyşygy, elektron döwlet hyzmatlary, elektron täjirçiligi, elektron resminama dolanyşygy ulgamlary degişlidir. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, bähbitleriniň goragyna, ulgamlaýyn howpsuzlygyň wehimlerini aradan aýyrmaga, şeýle hem jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramaga gönükdirilen «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny makullady we oňa gol çekdi. Bu äh

«Velo­dy­ne Li­dar» çylşyrymly enjamlary awtomatlaşdyrýar

La­zer ra­dar­la­ry­ny ön­dü­ri­ji «Velo­dy­ne Li­dar» kom­pa­ni­ýa­sy teh­no­lo­gi­ki po­ten­sia­ly­ny sak­lap, çyl­şy­rym­ly en­jam­la­ry aw­to­mat­laş­dyr­ma­gyň tä­ze ugur­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy­lar­dan bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar. «Velo­dy­ne Li­dar»-yň «RO­BO­RACE» tas­la­ma­sy mö­hüm rol oý­nar. Onuň ga­pak­la­ry gel­jek­ki ne­sil elekt­rik ýa­ryş ro­bot­la­ry üçin esa­sy en­jam hök­mün­de saý­lan­dy. «Velo­dy­ne Li­dar», il­ki bi­len, yk­jam «Velar­ray H800» ga­pak­la­ry­ny üp­jün eder. «RO­BO­RACE» hü­när­men­le­ri dür­li gör­nüş­le­ri­ni öw­ren­di­ler. 2022-nji ýyl­da çem­pio­nat­da bäs­leş­jek  «RO­BO­RACE» ulag­la­ry­nda «Velar­ray H800» ga­pak­la­ry ulanylar.

Girdejisi 50,3% ýokarlandy

Dün­ýä­dä­ki iň uly gra­fi­ki tiz­len­di­ri­ji­le­ri we pro­ses­sor­la­ry dö­re­di­ji «NVIDIA» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň çip esas­ly plat­for­ma­la­ry komp­ýu­ter oýun­la­ryn­dan baş­lap, bu­lut hyz­mat­la­ry­na we aw­to­pi­lot sür­mek­li­ge çen­li dür­li pu­dak­lar­da ula­nyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, kom­pa­ni­ýa­la­ryň uzak­dan işe geç­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ne kom­po­nent­le­re bo­lan is­leg ep-es­li ýo­kar­lan­dy. Bu «NVIDIA» kom­pa­ni­ýa­sy­na esa­sy ma­li­ýe gör­ke­zi­ji­le­rin­de tä­sir­li ösü­şi gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le­lik bi­len, 2022-nji ma­li­ýe ýy­ly­nyň üçün­ji çär­ýe­gin­de gir­de­ji­si 50,3% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 7,10 mil­liard dol­la­ry­na deň bol­dy. 

«Snapchat»-yň ula­ny­jy­la­ry bar­ha art­ýar

Hä­zir­ki wagt­da ABŞ-nyň «Snapchat» prog­ram­ma­syn­dan 306 mil­li­on ula­ny­jy peý­da­lan­ýar. Ula­ny­jy­la­r bu prog­ram­ma­ gün­de azyn­dan 30 mi­nu­dy­ny sarp ed­ýär­ler. Ga­ly­ber­se-de, ABŞ-da, Ang­li­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­da, Fran­si­ýa­da we Ni­der­land­lar­da 13 – 14 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ýet­gin­jek­le­riň 75%-den gow­ra­gy we 13 – 24 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ila­tyň 90%-den gow­ra­gy «Snapchat» ula­ny­jy­la­ry­dyr. 2022-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li «Snapchat» kom­pa­ni­ýa­synyň her bir paý­na­ma­sy­nyň ABŞ-nyň 65,70 dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

«Hyzon Mo­tors»-yň wo­do­rod aw­tou­lag­la­ry­na oňyn mas­la­hat

Wo­do­rod aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Hy­zon Mo­tors» ma­ýa go­ýum ban­ky «Canaccord Ge­nui­ty»-dan oňyn mas­la­hat al­dy. Ge­çen hep­de­de kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry 13,64% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 7,08 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gyABŞ-nyň 1,8 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. «Hy­zon Mo­tors»-yň öz agyr ýük aw­tou­lag plat­for­ma­sy bo­lup, şo­nuň esa­syn­da «Hy­max-450» trak­tor bö­lü­mi we «Hy­max-GSL» zi­bil ma­şy­ny eý­ýäm iş­le­nip dü­zül­di. Trak­to­ryň 450 kW kuw­wat­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lup, ol sa­gat­da 650 km. ara­ly­gy geç­mä­ge ukyp­ly. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, wo­do­rod aw­tou­lag­la­ry­ di­zel ýük aw­tou­lag­la­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de daş­ky gur­şa­wy aras­sa sak­la­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Internet arkaly söwda

Täze ýyl baýramy golaýlaşdygyça, öý bikeleri Täze ýyl arçasyny bezemegiň, baýramçylyk saçagyny dürli naz-nygmatlar bilen baýlaşdyrmagyň aladasyndadyr. Täze — 2022-nji ýyl hem ýetip gelýär. Ak bazarlar, söwda merkezleri, dükanlar Täze ýyl öwüşgininde bezelip, halkymyza harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyza edilýän söwda hyzmatlary hem döwrebaplaşdyrylyp, has amatly görnüşleri, ýagny elektron söwda ulgamy durmuşymyza giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi öý bikelerimiziň işinde ep-esli ýeňillikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan asylly başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgam ornaşdyrylyp, ähli tölegleriň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde tölenmegi, wagty tygşytlamak bilen birlikde hyzmatlaryň hilini hem gowulandyrýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça halkara tejribesini özleşdirmegiň çäginde amala aşyrylýan işlerde ýurdumyzyň hususy pudagynyň mynasyp goşandy bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sanly söwda hyzmatlaryny has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen internet söwda dükanlarynyň işini ýola goýdular. Bu babatda «Ynamdar» internet dükany ilki bolup elektron söwda hyzmatlarynyň başyny başlady we häzirki wagtda müşderileriň müňlerçesine hyzmat edip gelýär.

Bagtyýar geljegiň güwäsi

«7/24.tm», №52 (83), 28.12.2021. Milli Liderimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazarda tutmak arkaly döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilatyň döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, ylym-bilimiň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler öňe sürülýär. Taryh üçin gysga wagtyň içinde öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda-da dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigi-de guwanç bilen bellenmäge mynasypdyr.

«Tru­pa­nion» san­ly ulgamda ösüş gazanýar

«Tru­pa­ni­on» kom­pa­ni­ýa­sy bas­syr 50 çär­ýek bä­ri 20%-den gow­rak ösüş ga­za­nyp gel­ýär. Ge­çen çär­ýek­de «Tru­pa­ni­on» äti­ýaç­lan­dy­ryş önüm­le­ri­niň sa­tu­wy­ny 37% ýo­kar­lan­dyr­dy. «Tru­pa­ni­on»-yň ösü­şi­niň goş­ma­ça he­re­ket­len­di­ri­ji­si we­ge­ta­ri­an hyz­mat­la­ry­nyň ba­ha­sy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­dyr. «Glo­bal Mar­ket In­sights» göz­leg fir­ma­sy öý haý­wan­la­ry­ny äti­ýaç­lan­dy­ryş ba­za­ry­nyň 2027-nji ýy­la çen­li ABŞ-nyň 11,7 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­la­nyp, 7,7% gö­te­rim ös­üş ga­zan­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­.

«Hua­wei» täze äýnek çykardy

Hy­ta­ýyň «Hua­wei» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy sag­ly­ga gö­zeg­çi­lik ed­ýän akyl­ly äý­ne­gi­ni gör­kez­di. En­jam «Har­mo­nyOS» ope­ra­si­ýa ul­ga­myn­da iş­le­ýär. Akyl­ly äý­nek ada­ty äý­ne­giň gör­nü­şin­de bolup, oňa diop­te­ri­ýa­ly ýa-da reňk­li, «UV» go­rag­ly lin­za­lar da­kyp bol­ýar. Gad­jet aý­dym diň­le­mek üçin di­na­mik­ler we jaň­la­ra jo­gap ber­mek we ses­li kö­mek­çä ýüz tut­mak üçin mik­ro­fon bi­len, şeý­le-de ka­me­ra­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr. Äý­nek 16 sa­ga­da çen­li öz­baş­dak iş­läp bil­ýär.

Energiýany tygşytlaýan akylly penjire döredildi

Sin­ga­pu­ryň Na­nyang teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry ho­wa şert­le­ri­ne uý­gun­laş­ýan we ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ýan pen­ji­re aý­na­sy­ny dö­ret­di­ler. Ýü­zü­ne ýö­ri­te plýon­ka çe­ki­len aý­na da­şar­da­ky te­bi­gy ýag­ty­ly­gyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­na we de­re­je­si­ne tä­sir ed­ýär hem-de hä­si­ýet­le­ri­ni üýt­ged­ýär. Ýag­da­ýa bag­ly­lyk­da akyl­ly pen­ji­re ota­ga gir­ýän Gün şöh­le­si­niň muk­da­ry­ny azal­dar we onuň so­wa­ma­gy­na ýar­dam eder ýa-da ter­si­ne, Gün şöh­le­si­niň geç­me­gi­ni aň­sat­laş­dy­rar we ota­gyň ýy­la­ma­gy­na şert dö­re­der. Alym­lar bu oý­lap ta­py­şyň ja­ýy ýy­lat­mak ýa-da so­wat­mak üçin se­riş­de­le­ri tyg­şyt­la­jak­dy­gy ba­ra­da aýd­ýar­lar. Akyl­ly aý­na­nyň iş­le­me­gi üçin elekt­rik bi­rik­me­si ge­rek däl. 

«Oracle» «Cer­ner»-i sa­tyn al­mak meýilnamasyny mälim etdi

Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi «Oracle» kor­po­ra­si­ýa­sy sag­ly­gy go­ra­ýyş ulgamyny prog­ram­ma bilen üp­jün­ edi­ji «Cer­ner» kor­po­ra­si­ýa­sy­ny sa­tyn al­mak me­ýil­na­ma­sy­ny mä­lim et­di. Yla­la­şyk ba­ra­daky habar «The Wall Street Jo­ur­nal»-da ne­şir edil­di. «Oracle»-iň, «CERN»-iň her bir pa­ýna­ma­sy­na ABŞ-nyň 95 dol­la­ry möç­be­rin­de hö­dür­le­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dyl­ýar. Bu bol­sa nagt ha­sap­da ABŞ-nyň 30 mil­liard dol­la­ry tö­we­re­gi­dir. «Oracle»-iň ýyl­lyk gir­de­ji­sin­den az çyk­da­jy ta­lap ed­ýän bu şert­na­ma­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin ýe­ter­lik se­riş­de­si bar.