Täze tehnologiýalaryň ykdysady netijeliligi

11 Ýanwar 2022
1175

Nebitli we gazly guýularyň gurluşygy köp zähmeti talap edýän prosesleriň biri bolup, onuň hemme tapgyrlary täze buraw tehnikalarynyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen baglydyr. Şol sebäpli, geljekde buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak köp babatda ylmy-tehniki ösüşiň çaltlandyrylmagy bilen kesgitlenilýär, onuň netijeleri bolsa, buraw işleriniň tehniki-ykdysady görkezijileriniň hakyky ýokarlanyşyny görkezýär. Önümçilik prosesine täze tehnikanyň ornaşdyrylmagy ahyrky netijede nebitli we gazly guýularyň burawlanylyşynyň tizliginiň ýokarlanmagyna, guýularyň gurluşygynyň möhletiniň kemelmegine we buraw işleriniň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine getirýär.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işlerini ýerine ýetirýän kärhanalarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň önümi bolan almaz dolotolary ulanylýar. Almaz dolotosy dag jynslaryny ýumurýan, birnäçe guýularda işlemäge ukyply we öz ätiýaçlygyny müňlerçe metre çenli çuňluklarda işläp geçýän häzirki zaman ygtybarly guraldyr. Häzirki zaman buraw dolotolary bir gatnawda diňe bir dürli görnüşli dag jynslaryny burawlamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň dürli stratigrafik bölümlerinde hem burawlamaga ukyplydyr. Almaz dolotosy dag jynslaryna täsir ediş häsiýetleri boýunça sürtüp owradyjy we kesiji guraldyr. Bu dolotolary has uly çuňlukly guýular burawlananda ulanmak maksadalaýykdyr. Şol bir wagtda, olar ep-esli aralygy gazyp geçmegi üpjün etmek bilen, goýberip-galdyryş işlerine sarp edilýän wagty azaldýar.

Oguljan SAGDYWAKASOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, ykdysadyýet ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar