Ösen tehnologiýalar — kämilligiň binýady

6 Ýanwar 2022
1396

Dünýäniň we döwrüň ösüşleriniň tizligi bilen deň gadam urýan Watanymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we halka hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, pudaklaýyn düzümlere sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Halkara ölçegleriň derejesine laýyk gelýän giň telekommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky uly ähmiýete eýe bolan maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda maglumatlary geçirmegiň döwletara optiki-süýümli ulgamlarynyň birnäçesi hereket edýär.

Annajemal AMANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar