Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

12 Ýanwar 2022
1282

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri hakynda oýlanyp otyrkaň, dünýäňi iň ýakymly duýgular gurşap alýar. Şeýle bolansoň, onuň ähmiýetinden, eçilýän eşretinden söz açasyň gelip durýar. Meniňki hem şoňa bardy.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyndan alan karz pulumy her aýyň başynda banka gatnap töläp ýörkäm, birdenem kellämde sowal äheňli pikir peýda boldy. Şonuň esasynda-da, öz-özüme maslahat berip: «Eýsem-de, sanly ulgamyň ýola goýlup, ýokary depgin bilen ösdürilýän döwründe näme üçin banka gatnap ýörün?!» diýdim. Haý diýmänem, iş ýerimiziň ikinji gatyndaky pul beriji enjamyň öňünde peýda boldum. Düwmelerini basyşdyryp, degişli pul serişdesini bankyň hasabyna geçirdim. Bu, elbetde, birinji gezekde o diýen ýeňil düşmedi. Ýöne ikinji gezek tölemäge baranymda oňa meniň bary-ýogy iki minut wagtym gitdi. Eger ýörite gidip töläp gelen bolsam, ol meniň azyndan iki sagadymy alardy. Sanly ulgamyň eşretini, ine, şular ýaly ýagdaýlarda has ýakyndan duýmak bolýar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar