"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly bilim ulgamy: «bulutlaýyn» tehnologiýa

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, bu ugurdaky işler bilim ulgamynda hem oňyn özgertmelere beslenýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin, bu ugurda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen halkara tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny çuňlaşdyrmakda esasy çemeleşmelerdir. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynyň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Orta mekdeplerde sapaklary gurnamakda, olarda innowasion tehnologiýalardan, multimediýa tagtalaryndan peýdalanmak örän wajypdyr.

IT satyjysy «Couchbase» uly tendensiýalarda ösýär

«Couchbase» kompaniýasy iki sanly girdejiniň ösüşini gazandy. «Couchbase»-niň satuwlary 25% artyp, ABŞ-nyň 34,9 million dollaryna ýetdi. «Couchbase» bulutly IT üçin «Google Cloud» üçin täze «DBaaS» hyzmatyny hödürledi. «Capella DBaaS»-yň täze wersiýasynda ykjam programmalary we IoT hyzmatlaryny ýerleşdirmek üçin gurallar bar. «MongoDB» ýaly öňdebaryjy bäsdeşlerine garamazdan, «Couchbase» IT çözgütleriniň tehnologiýa artykmaçlyklary sebäpli, 2023-nji ýylda ABŞ-nyň 148,2 million dollary möçberinde girdeji gazanmagy maksat edinýär. 9-njy iýunda geçirilen birža söwdalarynda kompaniýanyň paýnamalary ABŞ-nyň 16 dollaryndan bahalandy. Kompaniýanyň bazar söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 738,24 million dollaryna barabar boldy.

Döwrebap mümkinçilikler

Döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli ulgamlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi ähli ugurlar bilen bir hatarda, kazyýet ulgamynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar we kazyýetleriň işiniň hil taýdan ýokary derejelere ýetmeginiň zerurlygyny kesgitleýär. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, elektron resminamalaryň, elektron sanly gol bilen gol çekilen elektron habarlaryň kazyýetde we beýleki ygtyýarly edaralarda subutnama hökmünde ulanylmagy baradaky düzgünler hem berkidilýär. Munuň özi täze bir hukuk gatnaşyklaryň ulgamy hökmünde elektron gatnaşyklarda oňa gatnaşyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň kazyýet tertibiniň amala aşyrylmagynyň hukuk esaslaryny emele getirýär. Adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagynda we kazyýetleriň işiniň guralmagynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini dürli tapgyrlarda we şertlerde ulanmagyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli kanunçylygyna soňky girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş we Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodekslerinde, rejelenen görnüşde kabul edilen

Tehnologiýa döwrüniň nesilleri

Tehnologiýa dünýäsine syýahat Häzirki döwre tutuşlygyna «robot asyry» diýäýmeli. Köp funksiýaly robotlar adamyň işini ep-esli derejede ýeňilleşdirdi. Döwrebap robotlar, hatda daş-töweregi anyklamak, belli adamlary tanamak ukybyna-da eýedir. Bizi iň buýsandyrýan zat — şeýle kämil robotlaryň öz ýurdumyzda hem taýýarlanmagy. Robot önümçiligi bilen meşgullanýan mekdep okuwçylarymyzyň köpdügi bolsa ýaş nesillerimiziň dünýä ylmyndan, soňky tehnologiýalardan habarlydygynyň şaýadydyr. Muňa ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdepde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň zehinleri» atly şygar bilen geçirilen Tehnologiýa şüweleňinde has-da göz ýetirdik.

Döwür sanlylaşdyrmagy talap edýär

Häzirki döwürde tutuş Ýer ýüzünde sanly ulgam düşünjesi öz gerimini gitdigiçe giňeldýär. Islendik ösen döwletiň tejribesine nazar salsaň, olaryň häzirki ösüşleriniň esasynda sanly ykdysadyýetiň hem sanly tehnologiýalaryň durandygyna anyk göz ýetirýärsiň. Diýmek, sanlylaşdyrmak arkaly hem-ä ýurduň ösüş depginini çaltlandyrmaga, hem-de halkara giňişligindäki ornuňy pugtalandyrmaga mümkinçilik döreýär. Sanly ulgama geçmek işi şol ugurdan bilim ýüki, hünär taýýarlygy ýetik hünärmen binýadyny talap edýär. Bu ugurda biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, bu käri ele aljak ýaş hünärmenler üçin döredilýän mümkinçilikler barmak basyp sanardan kän. Ylaýta-da, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda elektron maglumat binýadynyň ähli ugurlarynyň üpjünçiligini ýola goýmak wezipeleri amala aşyryldy. Elektron kitaphana ulgamy, portal, saýt ýaly sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak işi bilim ulgamynda ýola goýuldy. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde ýörite internet web-saýtlary döredilip, olarda bilim ojaklarynyň her biri hakynda takyk maglumatlar ýerleşdirilendir.

Sanly ulgam — elýeterli hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Şol nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hem ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar.  «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalat ministrliginiň esasy wezipeleriniň biri-de, raýatlara kanunçylygy düşündirmek we hukuk habarlylygy ýokarlandyrmagy guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjün etmek, raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Ulag ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly ösü­şi­niň ke­pi­li

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda ulaglar pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň bir ugruny durnukly ulag ulgamynyň ösdürilmeginde görýär. Ulaglar ulgamynyň düzüm birlikleri ýurt, sebit we sebitara ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün edýär. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky başlangyçlary halkara derejesinde giňden goldaw tapýar. Oňa dünýä döwletleri tarapyndan uly ynam bildirilýär. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Şeýlelik-de, ýurdumyz ähli babatda bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermekden ugur alýar. Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň dünýä we sebit meseleleri babatda halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işi üstünlikli dowam edýär. Şol başlangyçlaryň biri hem ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de has-da ösdürmek

«Dy­son»-yň ro­bot­la­ry öý iş­le­ri­ni eder

To­zan so­ru­jy­ we ho­wa aras­sa­laý­jy enjamla­ry bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan «Dy­son» kom­pa­ni­ýa­sy öý iş­le­ri­ni we beý­le­ki me­se­le­le­ri aw­to­mat­laş­dyr­mak üçin ni­ýet­le­nen ro­bot­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni ta­nyş­dyr­dy. Me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, 2030-njy ýy­la çen­li öý ho­ja­ly­gy­nyň äh­li iş­le­ri do­lu­ly­gy­na ro­bot­la­ryň «pa­ýy­na dü­şer». Fi­la­del­fi­ýa­da ge­çi­ri­len ro­bot we aw­to­mat­laş­dy­ryş bo­ýun­ça hal­ka­ra kon­fe­ren­si­ýa­da «Dy­son» kom­pa­ni­ýa­sy öý ro­bot­la­ry­ny ös­dür­mek me­ýil­na­ma­sy­ny mä­lim et­di. Ştab-kwar­ti­ra­sy­ny 2019-njy ýyl­da Ang­li­ýa­dan Sin­ga­pu­ra gö­çü­ren kom­pa­ni­ýa iş ugur­la­ry­ny ta­nyş­dyr­mak üçin wi­deo­la­ry­ny paý­laş­dy. Ta­nyş­dy­ry­lan wi­deo­da kom­pa­ni­ýa­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeýms Daý­so­nyň og­ly Jeýk Daý­so­nyň ro­bot­lar hak­da­ky me­ýil­na­ma­la­ry jik­me-jik­lik­de gör­ke­zil­ýär.

«Red­mi­Book Pro 15 Ry­zen Edi­tion» nout­bu­gy sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar

Hy­taý­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lan «Red­mi­Book Pro 15 Ry­zen Edi­tion» (2022) nout­bu­gy AMD-iň 6000H se­ri­ýa­ly pro­ses­sor­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. On­da 15,6 dýuým 3.2K disp­leý, tä­ze «tu­pan so­wa­dy­jy» ul­ga­my bar. Bu nout­buk «Red­mi­Book Pro 14 Ry­zen Edi­tion» bi­len bir­lik­de «Red­mi No­te 11T Pro» smart­fo­ny­nyň il­kin­ji ta­nyş­dy­ry­lyş çä­re­sin­de köpçülige çykaryldy. «Red­mi­Book Pro 15 Ry­zen Edi­tion» öňün­den al­nan sar­gyt­la­ryň esa­syn­da 31-nji maý­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. «Red­mi­Book Pro 15 Ry­zen Edi­tion» nout­buk­da 3,2K (3,200x2,000 pik­sel) du­ru­lyk­da 15,6 dýuým disp­leý, tä­ze­len­me tiz­li­gi 90Hz-e ba­ra­bar bo­lup, 400 nit ýag­ty­lyk güý­jü­ne eýe. Şeý­le-de «Red­mi­Book Pro 15 Ry­zen Edi­tion» nout­bu­gy do­ly öl­çeg­li ar­ka kla­wia­tu­ra­ we bio­met­rik howp­suz­lyk üçin güýç düw­me­si­ne ýer­leş­di­ri­len bar­mak yzy dat­çi­gi­ne eýedir. Nout­buk DTS teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len go­şa 2W ste­reo mikrofon we nout­buk HD web ka­me­ra­sy bi­len en­jam­laş­dy­ry­landyr.

Gur­lu­şyk üçin 3D be­to­ny­ çap ed­ildi

Awstriýanyň alymlar to­pa­ry gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi üçin 3D be­ton çap et­me­gi ba­şar­dy­lar. Bu be­ton dün­ýä­de iň köp ula­nyl­ýan gur­lu­şyk ma­te­ria­ly­dyr. 3D usul­da çap edi­len tä­ze be­ton çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Bi­ler­men­le­riň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, be­ton ýer­li gör­nüş­de ön­dü­ri­lip bil­ner. 3D usul­da çap edi­len be­ton daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da yn­sa­ny­ýe­tiň ýe­ne bir ädim öňe­gi­diş­li­gi­dir. Çün­ki dün­ýä möç­be­rin­dä­ki se­ment önüm­çi­li­gin­de köp muk­dar­da CO2 ga­lyn­dy­la­ry bö­lü­nip çyk­ýar. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan se­re­di­len­de, 3D usul­da be­to­ny çap et­mek CO2 ga­lyn­dy­la­ry­ny düý­bün­den ýok edip, mad­dy tyg­şyt­ly­ly­gy 40%-e çen­li azal­dyp bi­ler. Şeý­le-de 3D usul­da be­ton ön­dür­mek daş­ky gur­şa­wy, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­ny we te­bi­ga­tyň aras­sa­ly­gy­ny gor­amak­da iň­ňän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Sanly ulgam: ösüşiň döwrebap şerti

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda sanly ulgama geçmäge, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýetinde işewürligi we hususy telekeçiligi giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, maýa goýumyň, zähmetiň we beýleki önümçilik faktorlarynyň sanly giňişliginde has-da uýgunlaşmagyna, subýektleriň özara ylalaşykly hereketini üpjün edýän düzümleriň döremegine, elektron söwdanyň ösmegine ýardam berýär.

Energetika howpsuzlygynyň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny giň gerimler bilen ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilen öňdengörüjilikli we parasatly energetika syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna netijeli goşulyşmagy, döwletimizde ösen senagatyň kemala gelmegi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagy bilen elektrik energetika pudagynda maýa goýumlary özleşdirilip, bu pudak döwrebap ösdürilýär. Durmuşa geçirilýän strategik taslamalarda energiýa serişdelerimiziň netijeli peýdalanylmagy arkaly, halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuşynyň üpjün edilmegi, şeýle hem tutuş adamzadyň bähbitleri üçin ulanylmagy esasy ugurlar hökmünde kesgitlenýär. Şonuň ýaly-da Diýarymyzda tebigy gazyň, nebitiň, elektrik togunyň önümçiligini yzygiderli artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň milli we halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyz, energiýa serişdeleriniň adaty çeşmelerine baý döwletleriň biri hökmünde öz tebigy baýlyklaryny, energiýa serişdelerini sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegi goldamaga we pugtalandyrmaga gönükdirýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň hatarynda energetika ho

Täze eýýam: ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde iş üpjünçiligi ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Halkymyzyň esasy böleginiň, has hem çet-gyradaky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdireris» diýip aýdanlaryndan ugur alyp, bu günki günde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Halkyň bähbidine gönükdirilen islendik bir syýasat döwletiň ykdysady ösüşinde belent sepgitleri nazarlamaga mümkinçilik berýär.

Kiberbäsleşigiň ýeňijileri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kiberhowpsuzlyk boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalaryň kiberhowpsuzlyk boýunça jogapkär hünärmenleriniň we isleg bildirýän işgärleriniň kyrkdan gowragy gatnaşdy.

Sanly bilim özgertmeleri

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Her ýylda 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işleriň depgini has-da güýçlendirildi. Sanly bilim portaly, elektron poçta, elektron resminama, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümler boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Sanly dolandyryş lukmançylykda

Lukmançylykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we ondan peýdalanmagyň örän uly geljegi bardyr. Şunda telelukmançylygy ornaşdyrmaga hem giň mümkinçilikler açylýar. Ol uzak aralykdan lukmançylyk babatda maglumatlary alyşmaga hem ýardam edýär. Şeýle-de biri-birinden uzak aralykda ýerleşýän saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň, lukmanlarynyň hem-de hassalarynyň arasynda maglumatlary alyşmak üçin şertler döreýär. Telelukmançylygyň uzak aralykdan hassalaryň keselini anyklamakda, bejerişi geçirmekde, maslahat bermekde we yzygiderli gözegçilik etmekde ähmiýeti uludyr. Lukmançylykda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ýene-de bir görnüşi raýatlaryň lukmançylyk kartlarynyň girizilmegidir. Bu lukmançylyk kartlarynda näsagyň keseliniň taryhy, oňa dürli wagtlarda berlen bejergiler barada elektron maglumatlar saklanýar. Raýatlaryň öz ýaşaýan ýerinden uzakda iş saparynda ýa-da myhmançylykda wagtynda ýüze çykan ýarawsyzlyk sebäpli bolýan ýerindäki saglygy goraýyş edarasyna ýüz tutan wagtynda lukmançylyk karty arkaly näsagyň keseliniň taryhyny öwrenmäge mümkinçilik döreýär.

Wirtual muzeýde Intel brendiniň 50 ýyllyk ösüşi görkezilýär

18-nji maýda — Halkara muzeý güninde «Intel» kompaniýasy soňky 50 ýylda gazananlaryny görkezýän wirtual muzeýini açdy. Ilkibaşda muzeý adaty görnüşde - eksponatlar we giň otag usulynda döredilipdir. 1983-nji ýylda açylan muzeý tehnologiýanyň taryhy gözbaşyny we şu günki ýeten sepgitlerini görkezýär. Muzeýi wirtual görnüşde açmagy kompaniýanyň taryhçysy Liz Jons hödürläpdir. Isleg bildirýänler kompaniýanyň web saýtyndan wirtual muzeýe goşulyp, ýarymasyrlyk tehnologiýa ösüşiniň aýratynlyklary bilen tanşyp bilerler. Muzeýi döredijileriň bellemegine görä, taslamanyň esasy maksady her bir adama uly üýtgeşmeleri, ösüşleri başdan geçirýän tehnologiýa dünýäsiniň täsinliklerini görkezmek we halklaryň arasynda dost-doganlygy has-da pugtalandyrmak bolup durýar.

Akylly sagatlar satuwa çykaryldy

Bu «Huawei» kompaniýasynyň iň gowy akylly sagatlarynyň biridir. Täzelik birnäçe görnüşde hödürlenýär. Iň amatly görnüşiniň daşy titandan ýasalyp, onuň göwrümi 46 mm. Bahasy 370 amerikan dollaryna barabar. Nanokristally keramika we 43 mm göwrümli görnüşiniň bahasy bolsa 450 amerikan dollaryna barabardyr. Bu akylly sagat häzirki wagtda bar bolan iň ýokary mümkinçilikleri birleşdirýär. Bu barada «ITHome» habar berýär.

Döwrebap özgertmeler

Bütin dünýäde maglumat we tehnologiýalar eýýamy hökmünde ykrar edilen döwrümizde ynsan paýhasynyň önümi bolan täze tehnologiýalara isleg ýylsaýyn ýokarlanýar, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda innowasiýalar ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda özgertmeler amala aşyrylýar. Konsepsiýa esasynda amala aşyrylýan işler döwrüň möhüm öwrülişigini ýurdumyzyň pudaklaryna öz wagtynda ornaşdyrmaga ýardam edýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy diňe bir maglumat alyş-çalşygyny ýokarlandyrman, eýsem, zähmet öndürijiligini hem artdyrýar. Sanlylaşdyrmak syýasaty ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde hem üstünlikli amala aşyrylýar. Tehnologiýalaryň ösýän döwründe harby ulgama sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maglumat bilen işlemegiň ýeňilleşmegine, elektron resminama dolanyşygynyň ösdürilmegine, şeýle hem şahsy düzümiň döwrebap harby tehnikalara erk etmek ukybynyň artmagyna ýardam edýär.

Eme­li in­tel­lekt uky prog­ram­ma­sy

Uku­syz­lyk­dan ejir çek­ýän­ler üçin «Slee­pio» at­ly tä­ze eme­li in­tel­lek­tu­al uky prog­ram­ma­sy dö­re­dil­di. Prog­ram­ma adam­la­ryň uku­syz­ly­gy (CBT-I) üçin akyl taý­dan özü­ni alyp bar­şy­nyň te­ra­pi­ýa­sy­ny do­lan­dyr­mak­da AI al­go­rit­mi­ni ulan­ýar. Yk­dy­sa­dy sel­jer­me­si, «Slee­pio»-ny ula­nan­dan bir ýyl soň sag­ly­gy go­ra­ýyş çyk­da­jy­la­ry­nyň has az bo­lan­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy.