Sanly bilim özgertmeleri

23 Maý 2022
1309

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir.

Her ýylda 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işleriň depgini has-da güýçlendirildi. Sanly bilim portaly, elektron poçta, elektron resminama, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümler boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Gözel GURBANOWA,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar