Sanly ulgam — elýeterli hyzmatlar

2 Iýun 2022
1403

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Şol nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi hem ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

 «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalat ministrliginiň esasy wezipeleriniň biri-de, raýatlara kanunçylygy düşündirmek we hukuk habarlylygy ýokarlandyrmagy guramaçylyk-usulyýet taýdan üpjün etmek, raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Baýrammyrat ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň esasy maslahatçysy, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar