Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Halkymyzyň esasy böleginiň, has hem çet-gyradaky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdireris» diýip aýdanlaryndan ugur alyp, bu günki günde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Halkyň bähbidine gönükdirilen islendik bir syýasat döwletiň ykdysady ösüşinde belent sepgitleri nazarlamaga mümkinçilik berýär.