Saglygymyz öz elimizde
Ýurdumyzda ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny gorap saklamak babatda giň möçberli, il-ýurt bähbitli işler üstünlikli alnyp barylýar. Her bir adam iýmitleniş medeniýetini zähmetiň we dynç almagyň endikleri bilen sazlaşdyryp, bedenini berkitmek üçin sport bilen meşgullanyp, syýahat etmek ýaly çäreler arkaly üstüni ýetirýär. Halkyň saglygy ýaşaýyş şertine, tebigatyň ýagdaýyna, howanyň, suwuň, iýmitiň, gök önümleriň arassalygyna baglydyr. Saglygyň sakasy dogry we kadaly iýmitlenmekdir. Kadaly we belli bir wagtda iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny, sazlaşykly we doly ösüşini üpjün edýär, kesellerden goraýar hem-de ýokanç kesellere garşy göreşmek ukybyny berkidýär. Sagdyn iýmitlenmek boýunça her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr. Howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli gök önümler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Iýýän iýmitimiz bize lezzet bermelidir. Ýurdumyzyň ak bazarlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň önümleri, dürli miweler ilata hödürlenilýär. Gök önümleri, miweleri iýmezden öň gowy ýuwmaly. Süýt we süýt önümleriniň saklanylyşyna aýratyn üns berilmeli. Bişirilmedik önümleri taýýar iýmitlerden aýry saklamaly. Azyk önümlerini alanyňyzda, hil taýdan ýokarylygyna, terligine üns bermeli. Azyk önümlerini sowadyjyda saklamak zerurdyr. Sagdyn bolma