Kadalary berjaý ediň!

14 Fewral 2024
810

Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde D we С witaminlere baý önümleri (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, alma we pyrtykal şirelerini, kelem, käşir, sogan, sarymsak we beýleki gök-bakja önümlerini) peýdalanmaly.
* * *
Pasla görä geýinmeli.
* * *
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.
* * *
Otaglarda çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.
* * *
Iýmit howpsuzlygyny berjaý etmeli.
* * *
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
* * *
Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.