Görer gözüň gymmatyny hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Bu ýagty jahanda ýaşalyp ýörlende, onki synanyň hemmesiniň hem abatlygy zerur welin, gözüň ýerine ýetirýän işi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şol sebäpden gözi goramaklyk wajyp meseleleriň biridir. Gynansak-da, göz keselleriniň birnäçe görnüşine duş gelinýän halatlar bolýar. Glaukoma keseli hem ýygy duş gelýän dertleriň biri. Biz bu babatda welaýat köpugurly hassahanasynyň 1-nji oftalmologiýa bölüminiň lukmany Leýla Joraýewa bilen söhbetdeş bolduk.
— Lukman, glaukoma keseli barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz?! Belkem, bu söhbetdeşlik ildeşlerimiziň keselden goranmagyna sebäp bolup biler.