Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygy aýratyn üns merkezinde saklanýar. Hususan-da, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolup, hamyla eneleriň we çagalaryň saglygyna tölegsiz seredilýär. Maşgala lukmançylygy ýörelgesiniň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we beýleki bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglary geçirilýär, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlary amala aşyrylýar. Şeýle asylly işler ýokanç keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýryp, birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna ýardam edýär. Halkara saglygy goraýyş guramalary bilen bilelikde, maşgala lukmanlarynyň çagalara we ululara keseliň öňüni alyş sanjymlary baradaky Milli maksatnamalary ýerine ýetirmekliginiň netijesinde, ýokanç keseller bilen kesellemeklik azalyp, olaryň birnäçesi ýok edildi.
Türkmenistanyň «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýasynyň maksady enäniň we çaganyň keselleriniň hem-de howply ýagdaýlarynyň öňüni almakdan, saglyk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi eneleriň we çagalaryň saglygyny goramagyň döwlet derejesinde üns merkezinde saklanylýandygyny äşgär edýär.