"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Lukmançylygyň ajaýyp nusgasy

Orta asyrlarda ýurdumyzda lukmançylyk ösüpdir. Merw, Nusaý, Köneürgenç lukmançylygyň ösen merkezleri bolupdyr. Tebipçiligiň anyk dörän wagty, kim tarapyndan döredilendigi hakynda taryhda-da, halk döredijiliginde-de anyk maglumatlar ýok. Ýöne halk döredijilik we nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri geçmişde tebipçilik işiniň ýokary derejede bolandygyndan habar berip duran çeşmelerdir. Adamzat irki döwürlerden başlap syrkawlygy, keselleri bejermegiň ýollaryny, onuň emlerini tebigatyň özünden gözläp başlapdyr. Dürli hili otlaryň, pasyllaryň howasynyň haýsy derde emdigini ýyllaryň tejribesi ynsana açyp beripdir. Asyrlaryň dowamynda toplanan tejribeleriň esasynda birnäçe ösümlikleriň ynsan keseline emdigini anyklap, ony ulanmagyň hötdesinden gelen adamy tebip, lukman diýip atlandyryp başlaýarlar. Türkmen halkynyň ençeme meşhur alymlary tebigatyň bu täsinliklerini, ynsan saglygyny goramagyň gaýtalanmajak inçe syrlaryny öz eserlerine siňdirip, tebipçilik ylmy barada gymmatly eserlerini döretdiler we dünýä lukmançylygyna uly goşant goşdular.

«Saglygyň gadryny bilgil»

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň şypahanalary ýylyň dowamynda halkyň hyzmatynda. Saglyk ätiýaçlandyrmasyny baglaşyp, Türkmenistanyň raýatlary ýylyň dowamynda şypahanalarda saglyklaryny berkidip bilerler. * * *

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz be­ýik akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da söz açyp: «Py­ra­gy­nyň aja­ýyp goş­gu­la­ry äh­li ne­sil­ler üçin be­ýik tag­ly­mat we mek­dep­dir» di­ýip bel­le­ýär.

Saglyk — bahasyz baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde has-da kämilleşýär. Bu maksatnama laýyklykda, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barlyp, uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda-da saglygyň uly gymmatlykdygy, bahasyz baýlykdygy nygtalyp, muny açyp görkezýän maglumatlar, tymsaldyr rowaýatlar beýan edilýär.

Keselleriň öňüni alyş sanjymlary

Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak, keselleriň öňüni almak, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Göwreli eneleriň we çagalaryň saglygyna döwlet tarapyndan mugt seredilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döredýär. Çagalaryň we uly ýaşly adamlaryň arasynda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýaşyna görä we köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi netijesinde, ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi: drakunkulýoz, ýabany poliomiýelit, gyzamyk, gyzylja we gyzdyrma. Bu keselleriň ýurdumyzda ýok edilendigi halkara guramalary tarapyndan ykrar edildi we degişli güwänamalar bilen tassyklandy. Häzirki wagtda degişli maksatnama laýyklykda, keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň üsti ýetirilip, meýilnama goşulýar. Mundan başga-da, her ýyl güýz paslynyň gelmegi bilen, saglyk öýlerinde raýatlarymyza möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar edilýär. Bu bolsa ýurdumyzda möwsümleýin ýiti respirator ýokanjy bilen kesellemegiň azalmagyna getirýär.

At münmegiň saglyga peýdasy

At çapmak diňe bir güýçli bolmak üçin däl, eýsem, özüňi has sagdyn duýmaga we wagtyňy hoş geçirmäge hem uly täsir edýär. Umuman, onuň peýdasy sanardan kän, ýöne biz olaryň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Syrdam bolmagyňa ýardam edýär. Esasy agram atyň üstüne düşýän hem bolsa, at çapýan adam hem köp kaloriýa harç edýär. Netijede, bu onuň artykmaç agramdan saplanmagyna ýardam edýär.

Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

Mälim bolşy ýaly, 2005-nji ýylyň aprelinden başlap, köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ata-eneleriň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dünýäde immunizasiýa we öňüni alyş sanjymynyň ähmiýeti bilen baglylykda ähli adamlaryň saglygyny hem-de abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işleri alyp barýar. Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi hem dünýäde iň üstünlikli saglyk çäreleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işler hem barha giň gerime eýe bolýar. Immunizasiýa hepdeligi 2007-nji ýyldan bäri geçirilip, şu ýyl ol aprel aýynyň ahyrky hepdesine meýilleşdirildi. Şu günler hepdeligiň çäginde immunizasiýanyň ähmiýeti barada giňişleýin wagyz-nesihat işleridir habar beriş çäreleri geçirilýär.

Sagdyn jemgyýetiň daýanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanyşa girizilen gününde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Şunda döwrebap lukmançylyk edarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly iki sany emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmegi has guwandyryjy ýagdaýdyr. Ol dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly, olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde welaýat çagalar hassahanasyna haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamyny sowgat hökmünde gowşurandygyny hem nygtamak gerek. Bu enjam hassahananyň reanimasiýa bölüminde näsag bäbeklere we çagalara emeli dem bermek üçin ulanylyp, ýokary hili, ulanyşda amatlylygy bilen tap

Immunizasiýa barada maslahat

Aprel aýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem her ýyl bellenilýän, adamlaryň saglygy we abadançylygy babatda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmäge gönükdirilen immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokok, rotawirus ýokançlaryna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Şeýle hem raýatlaryň isleglerine görä möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Sagdyn nesil — röwşen geljek

Saglyk, sagdyn durmuş — tutuş jemgyýetimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, abadan, bagtyýar durmuşyň gözbaşy. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Her ýylda hemişelik Bitarap ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi we bu möhüm çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özüniň hem gatnaşyp, watandaşlarymyza görelde bolmagy her birimiz üçin buýsançly pursatlara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilip, «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alan bu sport çäresine ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Munuň özi halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsine öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişleriň Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirilmegi «Tegelek stol» maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň we görkezme çykyşlarynyň, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreleriň geçirilmegi ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Baş maksat — halkymyzyň saglygy

Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi dowam edýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, peder ýoluny paýhasly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Maşgala lukmançylygy Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen häzirki wagtda has kämil derejä ýetirildi. Çagalaryň we uly ýaşly adamlaryň arasynda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýaşyna görä guramaçylykly ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller (drakunkulýez, ýabany poliomiýelit keseli, gyzamyk, gyzylja we gyzdyrma keselleri) düýbünden ýok edildi.

Saglygy goraýşyň kämil eseri

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Bu günki gün her bir raýatyň saglygyny berkitmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan her bir jildi dünýä okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan — melhemler mekany. Bu mukaddes mekanyň topragy dermanlyk ösümlikleriniň ençemesini özünde jemleýär. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, milli gymmatlyk derejesine ýetiren halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri ylmy esasda öwrenmek, şeýle melhemlik ösümlikleri bolan tebigaty goramak we geljekki nesillere ýetirmek — bu mukaddes toprakda dünýä inen her bir ynsanyň perzentlik borjudyr. Şeýle gaýragoýulmasyz borjy amal etmekde bolsa, ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri dogrusynda gymmatly maglumatlary beýan edýän ajaýyp eser ýazyp, häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlaryna ähmiýetli goşant goşan Gahryman Arkadagymyz her bir türkmen nesline nusgalyk görelde.

Görer gözüň gymmaty

Dünýäniň ýagşy zatlaryny görmek gowulykdan nyşan. Olary biziň kalbymyza ýetirjek zadymyz bolsa, nurly didelerimizdir. Ynha, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi täze döwrüň lukmançylyk ojagy bolup, esasan, durmuş taýdan goraga mätäçlere, ýagny çagalara, hereketi çäklenen raýatlara, uruş weterany bolanlara we olaryň yzynda galanlaryň göz kesellerine uçranlaryna hyzmat edýär. Hususan-da, näsaglara gije-gündiz gaýragoýulmasyz oftalmologik kömek berilýär. Ylmy-kliniki merkeziň lukmanlarynyň guramaklarynda mekdep ýaşly çagalaryň arasynda göz keselleriniň öňüni almak we ýaýraýjylygyny peseltmek maksady bilen, Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde görüş ýitiliginiň peselmesi barlagynyň — skrining maksatnamasy boýunça her okuw ýylynyň ilkinji günlerinde amaly maslahatlar geçirilýär. Merkeziň lukmanlary göz keselleriniň öňüni alyş işleri boýunça meýilnamanyň çäginde okuwçylarda görüş ýitiliginiň barlagyny geçirýärler. Çagalarda pes görüjiligiň öňüni almak maksady bilen, keselçilige getirip biljek başlangyç gaýra üzülmeler seljerilýär. Mekdeplerde pes görüjiligiň öňüni almak babatda wagyz-nesihat duşuşyklary, şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde göz kesellerini bejeriş we öňüni alyş barlaglary geçirilýär. Bu guralýan çärel

Immunizasiýa hepdeligine

Baş baýlygyň goragynda Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde her ýyl immunizasiýa hepdeligini geçirmek yzygiderli ýola goýulýar. Öňüni alyş sanjymlary iň zerur we howpsuz saglygy goraýyş çäreleriniň biridir. Bu jemgyýetçilik çäresi her ýyl «Keseliň öňüni alyň! Saglygyňyzy goraň!» diýen şygar bilen geçirilýär.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň! Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, kadaly we sagdyn iýmitleniň. Witaminlere baý bolan önümleri kabul ediň, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, pasla görä geýniň!

Saglygyň gadyry

Ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmakda, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda ýetilen belent sepgitler, alnyp barylýan giň gerimli işler berkarar Watanymyzda döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny doly tassyklaýan subutnamalardyr. Halkymyzyň saglygyny goramakda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýä hil ülňülerine laýyk getirmekde gazanylan üstünliklerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda bu maksatnamada kesgitlenilen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek üstünlikli dowam etdirilýär. Alnyp barylýan bu işler saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ýetilen sepgitleri has-da pugtalandyrýar. Ynsan saglygyny goramak, ilki bilen, keselleriň öňüni almak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, keselleriň öňüni almaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen işler, ilatymyzyň dürli gatlaklarynyň arasynda ýola goýlan saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary, bejeriş çäreleri nusgalykdyr. Munuň özi ilatyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Berjaý edilmeli kadalar

♦Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp baryň, zyýanly endiklerden daşda duruň we bu babatda ösüp gelýän ýaş nesillere we ýetginjeklere görelde boluň, günüň dowamynda kompýuterlerden, smartfonlardan we planşetlerden belli bir wagtlyk peýdalanyň. ♦Antibiotik derman serişdelerini özbaşdak ulanmakdan saklanyň, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alyň. Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içiň. Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Zyýanly endik — jana zulum Hakykatdanam, alymlaryň we lukmanlaryň seljermeleri çilimkeşligiň jana zulumdygyny, onuň ynsanyň saglygyna uly zyýan ýetirýändigini subut edýär. Şonuň üçinem temmäki önümleriniň ulanylmagyna, çilimkeşlige garşy göreşmek hemişe derwaýyslygyna galýar. Çilim çekilende ol adamyny ýuwaş-ýuwaşdan zäherleýär. Iň ýaman ýerem, çilim çekýäniň ýanyndakylar ýa-da maşgala agzalary hem temmäkidäki nikotinden dem alyp zäherlenýärler.

Limon suwunyň peýdasy

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, limon suwy adamyň göreşijilik ukybyny güýçlendirýär we keýpini göterýär. Çünki, limonyň düzüminde adamyň göreşijilik ukybyny berkitmäge mümkinçilik berýän «C» witamini bar. Şeýle hem limon suwy dürli ýokançlyklara, bokurdak agyrylaryna garşy göreşmäge hem kömek edýär. Umuman, limon suwy bedeni arassalaýar, içegäniň işine agramyň azalmagyna ýardam edýär. Her gün irden ajöze limonly suw içmek maslahat berilýär. Bir bulgur ýyly suwa ýarty limonyň suwuny sykyp içseň, özüňi örän sagdyn duýarsyň. Sebäbi, limonly suw alyş-çalyş hadysasyny we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrýar. Ol adama berhiz tutmakda hem ýaramlydyr.

Immunizasiýa hepdeligi dowam edýär

Häzirki döwürde ýiti ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy usullarynyň biri immunizasiýa çäreleri, ýagny ilat arasynda sanjymlama işleriniň geçirilmegidir. Ýokanç kesellere garşy gorag immunitetini gazanmak üçin her bir çaganyň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almagy wajypdyr. Bu ugurdaky işler degişli tertip boýunça geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary epidemiologik abadançylygy saklamagyň esasy şerti bolup durýar. Bu abadançylyk birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalara we uly ýaşlylara sanjymlama işleriniň 95 — 99 göterim derejede geçirilendigi bilen baglydyr. Öňüni alyş çäresiniň durnukly ýokary derejede saklanmagy keselleriň düýbünden ýitip gitmegine getirýär. Muňa Ýewropa sebitiniň 2002-nji ýylda poliomielit keselinden azat bolandygyny mysal getirmek mümkin. 2005-nji ýylyň aprelinden başlap, köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ene-atalaryň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.