Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Bu günki gün her bir raýatyň saglygyny berkitmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan her bir jildi dünýä okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan — melhemler mekany. Bu mukaddes mekanyň topragy dermanlyk ösümlikleriniň ençemesini özünde jemleýär. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, milli gymmatlyk derejesine ýetiren halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikleri ylmy esasda öwrenmek, şeýle melhemlik ösümlikleri bolan tebigaty goramak we geljekki nesillere ýetirmek — bu mukaddes toprakda dünýä inen her bir ynsanyň perzentlik borjudyr. Şeýle gaýragoýulmasyz borjy amal etmekde bolsa, ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri dogrusynda gymmatly maglumatlary beýan edýän ajaýyp eser ýazyp, häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlaryna ähmiýetli goşant goşan Gahryman Arkadagymyz her bir türkmen nesline nusgalyk görelde.