Häzirki döwürde ýiti ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy usullarynyň biri immunizasiýa çäreleri, ýagny ilat arasynda sanjymlama işleriniň geçirilmegidir. Ýokanç kesellere garşy gorag immunitetini gazanmak üçin her bir çaganyň öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda almagy wajypdyr. Bu ugurdaky işler degişli tertip boýunça geçirilýär. Öňüni alyş sanjymlary epidemiologik abadançylygy saklamagyň esasy şerti bolup durýar. Bu abadançylyk birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalara we uly ýaşlylara sanjymlama işleriniň 95 — 99 göterim derejede geçirilendigi bilen baglydyr. Öňüni alyş çäresiniň durnukly ýokary derejede saklanmagy keselleriň düýbünden ýitip gitmegine getirýär. Muňa Ýewropa sebitiniň 2002-nji ýylda poliomielit keselinden azat bolandygyny mysal getirmek mümkin.
2005-nji ýylyň aprelinden başlap, köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ene-atalaryň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.