Aprel aýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem her ýyl bellenilýän, adamlaryň saglygy we abadançylygy babatda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmäge gönükdirilen immunizasiýa hepdeligi geçirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokok, rotawirus ýokançlaryna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Şeýle hem raýatlaryň isleglerine görä möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.