Saglyk, sagdyn durmuş — tutuş jemgyýetimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk, abadan, bagtyýar durmuşyň gözbaşy. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Her ýylda hemişelik Bitarap ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi we bu möhüm çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özüniň hem gatnaşyp, watandaşlarymyza görelde bolmagy her birimiz üçin buýsançly pursatlara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirilip, «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alan bu sport çäresine ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Munuň özi halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsine öwrüldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişleriň Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirilmegi «Tegelek stol» maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň we görkezme çykyşlarynyň, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreleriň geçirilmegi ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.