Akgoýunly döwletiniň ýaş hökümdary
Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Döwletimiziň esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalanmagy, kämil jemgyýetiň kemala gelmegi üçin ak ýürekli, Watana wepaly, ýokary düşünjeli, ruhubelent, öz borjuna düşünýän nesil terbiýeläp ýetişdirmek biziň borjumyzdyr» diýip, kämil jemgyýeti kemala getirmegiň zerurdygyny nygtaýar. Kämil jemgyýet kämil şahsyýetiň kemala gelmegi bilen utgaşyklydyr. Kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde onuň ýaşlykda alýan edep-terbiýesine uly orun degişlidir. Munuň şeýledigi taryhymyzda uly yz galdyran şahsyýetleriň jogapkärli wezipeleri ýaşlykda ýerine ýetirendiklerinden görünýär. Taryhda yz goýan, şöhratly işleri bitiren şol ýaşlar biziň üçin görelde mekdebidir. Biziň gadymy we baý taryhymyzda türkmen ogullary Türkmenistanyň häzirki çäginiň daşynda birnäçe döwletleri esaslandyrypdyrlar hem-de dolandyrypdyrlar. Şolaryň biri orta asyrlarda asly Oguz han neslinden bolan baýyndyrlaryň esaslandyran Akgoýunly döwletidir. Bu döwletiň hökümdarlary özleriniň bitiren işleri bilen diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň taryhynda hem uly yz galdyran şahsyýetler bolupdyr. Şolaryň biri, Akgoýunly döwletiniň meşhur hökümdary Uzyn Hasanyň (1453 — 1478) ogly Ýakup begdir. Ýakup beg 1478-nji ýyldan 1490-njy ýyla çenli 12 ýyl Akgoýunly döwletini dolandyrypdyr. Ýakup begiň 27 ýaşynda aradan çykandygy barada maglumata esaslanyp, onuň 15 ýaşda tagta geçendigini aýtmak bolar.