Sarygamyş kölünden 20 kilometr çemesi gündogarda Bötendag belentligi seleňläp otyr. Günortadan seredeniňde Bötendag Üstýurt gyry bilen bir ulgama birleşýän hem bolsa, ol özbaşyna dag belentligi bolup durýar. Uzakdan seretseň, Bötendag belentligini tutuşlygyna synlamak mümkin. Onuň günorta burçy has belent bolup, ol uzaklardan seleňläp görünýär. Birneme golaýlanyňdan soňra onuň belent burçundaky ýadygärlikler hem mese-mälim saýgardýar. Onuň üstünde Ybraýym Edhem ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Bötendagyň edil gapdalyndan Amyderýanyň Sarygamşa guýan bir şahasy bolan Derýalygyň köne hanasy geçýär. Derýalyk Bötendagyň demirgazyk-gündogaryndan gelip, onuň günortasyndan Sarygamşa tarap ugur alýar.
Bötendag belentliginiň töwereginde gadymy ýaşaýşyň yzlary saklanyp galypdyr. Giň düzlükde gadymy atyz-çilleriň, ýaplaryň yzlary häzirem bildirýär. Ýerli ilat tarapyndan Akgala diýlip atlandyrylýan, ylmy çeşmelerde Adak ady bilen gelýän gadymy galanyň harabasy Bötendagyň eteginde ýerleşýär. Bötendagyň gündogar garşysynda, Derýalygyň çep kenarynda ýene bir gala bolup, ýerli ilat ony hem Akgala diýip atlandyrýar.