Köpetdagy etekläp oturan gadymy Köşi obasynyň döreýiş taryhy alyslardan gözbaş alýar. Bu obanyň dörän wagty anyk belli bolmasa-da, il arasynda obanyň döreýşi we onuň ilkinji ýaşaýjylary bilen bagly birnäçe gyzykly gürrüňler häli-häzirler hem aýdylyp gelinýär.
Köşi obasynyň adynyň näme many aňladýandygy, nähili gelip çykandygy hakynda ylymda birnäçe çaklamalar bar. Muňa garamazdan, dilçi alym S.Atanyýazowyň toponimik sözlüginde taryhçy alym M.Ý. Massona salgylanmak bilen, Köşiniň etimalogiýasynyň heniz doly anyklanmandygyny belläp geçýär.