Taryhda çüýşe önümçiligi

23 Ýanwar 2023
1419

Türkmenistanyň çäklerinde çüýşe önümçiligi we çüýşe işläp bejermek has gadymy döwürlerde ýüze çykypdyr. Muny arheologiýa ylmynyň tapyndylary subut edýär. Ýurdumyzyň çäklerinde has irki çüýşe önümleri «tutuksy» monjuklar diýlip atlandyrylýar. R.Pampelliniň topary tarapyndan Änewden agymtyl-ýaşyl çüýşeden taýýarlanan monjuk, Nusaýdan b.e.öňki II-I müňýyllyga degişli monjuklar tapyldy. Türkmenistanyň demirgazygynda Tümmekkiçijik gonamçylygyndan, Guýsaý ýadygärliginden tutuksy çüýşeden ýasalan monjuklaryň tapylmagy çüýşe önümçiligi öz gözbaşyny müňýyllyklaryň dowamyndan alyp gaýdýar diýmäge esas berýär.

Köneürgenjiň çäginden we onuň töwereginden başga ýerlerde örän seýrek duş gelýän çüýşe önümleriniň görnüşleri tapyldy. Şeýle-de arheolog Hemra Ýusupow tarapyndan Kyrkmolla galasyndan küýzejik görnüşli gapjagaz tapyldy. Bu gapjagazyň parfýumer we derman serişdeleri saklanýan gap-gaçlaryň hataryna girýändigini alym öz işlerinde belleýär.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
taryhçy, Balkanabat şäheri.