Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bu gadymy künjegiň taryhy şöhratynyň ýaňadan dabaralanýandygynyň güwäsi boldy.
Pederlerimiz bize nusgalyk medeniýeti miras galdyrypdyr. Dünýäniň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň sanawyna giren ajaýyp halylarymyz, bedewlerimiz we gymmat şaý-seplerimiz bilen birlikde, dünýäniň iň gadymy ýaşaýyş ojaklarynyň merkezi bolan ýurdumyzda birnäçe gadymy medeniýetler hem gülläp ösüpdir. Olar Altyndepe medeniýeti, Jeýtun medeniýeti, Änew medeniýeti, Kelteminar medeniýetidir.