Dogum donly esger
1917-nji ýylyň bir güni Köpetdagy etekläp oturan Artyk obasynda, goşa çaýhanaly Garahan aganyň we Mährijemal enäniň maşgalasynda saryýagyzja ogul bäbejik dünýä inýär. Oba mollasy çagyrylyp, oglanjygyň gulaklaryna azan-kamat aýtdyrylyp, doglan aýynyň hormatyna oňa Sapar diýip at dakýarlar. Ol ata-enesiniň elinde terbiýelenýär. Türkmeniň ilkinji bilim işgärleriniň biri Artykgül Teke gyzynyň (Tatýana Tekinskaýa) Artyk obasynda öz hasabyna açan mekdebinde başlangyç bilim alýar. Sapar ýumşa ýarap ugranyndan, doganlary bilen ata-enesine öý-hojalyk işlerinde we Artyk demir ýol menziliniň gündogarynda ýerleşýän hususy çaýhanalarynda zähmetde bişişip, mazaly taplanýar. Obada kolhoz gurulmagy bilen, meýdan işlerinde işleýär. Mahal-mahal deň-duşlary bilen obanyň dag we Garagum sährasynyň etekleriniň gözel ýerlerine seýran edip, türkmeniň milli oýunlaryny oýnapdyr, göreş tutupdyr. Orak möwsüminde Artyk obasynyň ekinlerinde kolhozçylar bilen orak orupdyr.