Sport — biziň hemramyz

1 Maý 2024
691

Ajaýyp ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň kepilidir.

Şu günler hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda dürli sport dabaralary, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Jany sagyň — göwni çag» ýaly pähimlere eýerýär. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.