UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklarynyň 2-si hem Germaniýada geçirildi. Duşuşyklaryň biri deňme-deň tamamlanan bolsa, beýlekisinde ýer eýeleri iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy. Iki duşuşykda jemi 5 gol hasaba alyndy.
UEFA Çempionlar Ligasynda Münhende «Bawariýa» bilen «Real Madridiň» arasynda oýnalan ýarym finalyň 1-nji duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady. Fransiýaly Klemen Turpeniň eminlik eden duşuşygynda ilkinji bolup myhmanlar hasaby açdy. Oýnuň 24-nji minutynda Toni Kroosyň owadan pasynda Winisius Junior topy derwezä gönükdirdi. Ýer eýeleri bu gola 1-nji ýarymda jogap berip bilmedi. 2-nji ýarymyň başlarynda yzly-yzyna 2 gol geçiren nemes kluby 2–1 hasabynda öňe saýlandy. Duşuşygyň 53-nji minutynda Leroý Saneniň jerime meýdançasynyň içine girip, uran batly urgusyndan soň hasap deňlendi. Bu goldan 4 minut soňam Harri Keýn eminiň bellän penaltisini dürs ýerine ýetirip, «Bawariýany» öňe saýlady. Oýnuň 83-nji minutynda emin ýene bir penaltini, bu gezek myhmanlaryň peýdasyna belledi. Ony-da dürs uran Winisius Junior hasaby deňlemegi başardy. Şunlukda, duşuşyk 2–2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Jogap duşuşygy geljek hepdäniň çarşenbe güni, 8-nji maýda Madridde geçiriler.