Mundan 20 gün öň, ýagny 14-nji aprelde Germaniýanyň «Bundesligasynda» taryhy waka bolup geçdi. Lewerkuzen şäheriniň doly ady «Baýer 04» bolan topary 119 ýyllyk taryhynda (1-nji iýulda 120 ýyl bolýar) ilkinji çempionlygyny gazandy. Bu çempionlygyň iň esasy iki aýratynlygy bolup, birinjisi ýeňlişsiz gazanylan çempionlyk bolmagy, ikinjisi bolsa ýurduň futbolynyň hökmürowany «Bawariýanyň» 11 ýyllyk çempionlygyny soňlandyrmagydyr. «Baýeriň» çempionlyk gazanmagynda tälimçi Habi Alonsonyň orny gürrüňsiz uludyr. Şeýle-de, onuň toparyň oýunçylarynyň süňňüne siňdiren, aňyna guýan motiwasiýasydyr. Ýagny topar çempion bolýança, hatda çempionlyk gazanylandan soňam ýeňşe bolan ynamyny, futbola bolan hyjuwyny, höwesini, motiwasiýasyny birjigem ýitirmedi. Başgaça aýdylanda, käbir oýunlara seredeniňde, olar üçin oýun 90-njy minutdan soň başlanýan ýaly. Muňa toparyň 90-njy minutdan soň geçiren gollary doly şaýatlyk edýär.
«BAWARIÝA» DUŞUŞYGYNDA BAŞLADY