Taryhy duşuşygyň täsiri bilen

1 Maý 2024
915

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabyndaky 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk turuwbaşdan «Arkadag» toparynyň rüstem oýnuna beslendi. Bu sazlaşykly oýun topara oýnan resmi duşuşyklaryndaky ýubileý ýeňşini hem getirdi. Topar 40 ýeňşiň 33-sini Türkmenistanyň çempionatynda, galan 7-sini bolsa ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşda geçirdi. Ilkinji möwsüminde toparyň bu ýaryşlaryň ikisinde-de ýeňiji bolandygyny ýatladýarys.

Toparyň tälimçiler we türgenler düzümi ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýörite türgenleşik pursatlaryna gatnaşyp, ýürekdeş gürrüň etmeginden has-da ruhlandylar. Bu ruhubelentlik we şol taryhy duşuşygyň şatlygy düýnki duşuşykda hem miwesini berdi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz eýýäm uly şöhratyň eýesi bolan toparyň geljekde halkara ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli goldawyň beriljekdigini aýtdy. Munuň özi türkmen futbolynyň taryhynda täze şanly sahypanyň ýazylyp başlanandygynyň buşlukçysydyr.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.