"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tagalla edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sport ulgamy uly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport mekdepleri, stadionlar gurlup, ulanylmaga berilýär we olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Olara sport mekdeplerinde sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler bar. Tagtabazar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebinde sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berilýär. Bu ýere gelýän türgenlere sportuň milli göreş görnüşine ussat tälimçi Silapberdi Öwezow tälim berýär. Tälim alýan türgenler 2001 — 2011-nji ýylda doglan oglanlardan düzülen. Olar 36 türgen bolup, üç topara bölünip, türgenleşik geçýärler. Ýaşajyk türgenleriň arasynda Babamyrat Agasöýünow, Serdar Agaýusubow, Perman Allaberdiýew, Kerwen Agaserdarow tapawutlanýarlar.

Yhlasly tälimçileriň bar ýerinde

Beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejesinde ýaryşlar yzygiderli geçirilip, ussat türgenleriň ýüze çykmagyna giň mümkinçilik döredilýär. Milli Liderimiziň özleri hakyndaky aladalary bilen gurşalýan ýaşlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda guralýan çärelere, bäsleşiklere ýokary guramaçylykly gatnaşýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanyljak ýylynda biziň sport mekdebimiziň tälimçileridir mugallymlary hem sporty ösdürmeklige goşantlaryny goşýarlar. Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça meşgullanmaga höwesek türgenleriň sanynyň artýandygy guwandyrýar. Olara agyr atletika boýunça tejribeli tälimçi Döwran Orazdurdyýew yzygiderli tälim berýär.

Ruhubelentligiň girewi

Ajap eýýamymyzda adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen halkyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurt Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen il-gün bähbitli meseleleriň çözgüdine badalga berýär. Ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerime eýe bolmagyny gazanmak şol wezipeleriň özenini düzýär. Biziň sport mekdebimizde ýaşlaryň onlarçasy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar. Olara tejribeli tälimçiler tälim berip, türgenler saýlan görnüşleri boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Mekdebimizde bolsa, ezber türgenleri ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler bar. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýaş türgenlerimiziň ussatlyga ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýäris. Geçen ýyllaryň ýaryşlarynda ýaş türgenlerimiziň şowly çykyşlary yhlas-tagallalarymyzyň ýerine düşýändigine güwä geçýär. Guwançly ýerem, soňky ýyllarda sport bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň artýanlygydyr. Bu bolsa ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sagdyn durmuşyň ygtybarly kepilidir.

Çyn bedewler meýdanynda bellidir

Düýn Lebap atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi. At çapyşygyna bedewleriň 50-den gowragy gatnaşdyryldy. Asylly däbe eýerilip, birinji çapyşyk ýaş çapyksuwarlaryň arasynda geçirildi. Ilkinji çapyşyk dartgynlylygy we çekeleşikliligi bilen janköýerleri özüne kökerdi. Üçýaşar bedewleriň we olara erk edýän ýaş çapyksuwarlaryň maksada okgunlylygy toýçy mähelläniň şowhunyna şowhun goşdy. Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň Y.Allanazarow tarapyndan erk edilen Almaly atly al aty bilen B.Balakaýewiň Seýran atly gyr bedewi (çapyksuwary Ý.Jummadow) pellehana tas deňme-deň geldiler. Hatda, janköýerleriň aglabasy pellehanadan haýsy bedewiň birinji geçendigini saýgaryp hem ýetişmediler. Şeýlelikde, netijäni eminler berdi. Olaryň gelen netijesine görä, Almaly bir sekundyň 10-dan 1 ülşi bilen pellehanadan öňde geçmegi başardy. Has takygy, 1000 metr aralygy Almaly 1 minut 04,7 sekuntda, Seýran bolsa 1 minut 04,8 sekuntda geçdi.

Möhüm ulgam ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha giňden ýaýbaňlandyrylýar. Baýramaly şäherindäki sport mekdebinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ýörelgeler ösdürilýär. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimiz üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä ýaýmakda biziň ýaş türgenlerimiz hem mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Türgenlerimiziň gazanjak ýeňişleri ata Watanymyzyň sport abraýyny dünýä ýaýjakdygyna ynanýarys.

Yhlasa Myrat

Hormatly Arkadagymyzyň gurduryp beren sport mekdebi hem-de sport desgasy biziň etrabymyzda hem hereket edýär. Biziň sport mekdebimizde ýeňil atletika boýunça gijesini gündiz edip işläp, yhlas edýän tälimçilerimiz bar. Golaýda “Garagum” sport desgasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Şol ýaryşda etrabymyzyň yhlasly tälimçileri Akmyrat Begençalyýewiň, Selbi Kyýasowanyň, Kakageldi Garabatyrowyň tälim berýän türgenleri uly ýeňşe eýe boldular. Olaryň 12-si 1-nji orna, 7-si 2-nji orna, 7-si 3-nji orna mynasyp boldular. Sport äleminde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.

Zehinli türgenler ýetişdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýola goýulýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýetde durmuşa ornaşdyrylmagynda sport mekdebimiziň üstüne uly wezipe düşýär. Ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde ýaş türgenlere öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça türgenleşik geçmäge mümkinçilik döredilip, tejribeli tälimçilerimiz ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Sport mekdebimizde sportuň çeper gimnastika, futbol, futzal, grek-rim göreşi, şotokan-karate, küşt, gylyçlaşmak, woleýbol ýaly görnüşleri boýunça türgenleşik işleri geçirilýär. Biz sportuň ady agzalan görnüşleri boýunça ýaş türgenleri taýýarlap, milli we halkara ýaryşlarynda gowy netijeler görkezip, uly üstünliklere eýe bolmak ugrunda göreşýäris. Meýlis IMAMOW.

Parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köküni asyrlaryň taryhyndan, pederlerimiziň durmuş tejribesinden alyp gaýdýan hem-de belent ösüşlerimiziň daýanjyna öwrülen sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgelerimiz giň ýol alyp, barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň baş baýlygy bolan il-günüň saglygy, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar ilkinji orunda goýlup, häzirkizaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlaryň ählisinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berlendigi hem doly şaýatlyk edýär. Şu günler Aşgabat şäherindäki sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi ýene-de halkara we dünýä derejesindäki iri ýaryşlara taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda örän iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna goşuldy. Indi birnäçe ýyldan bäri özygtyýarly, baky berkarar ýurdumyz döwletara derejelerde, aýratyn-da, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna s

Tagalla edýäris

Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda saglygymyzy goramak babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygymyzy berkitmegiň esasy girewi bolup durýar. Bu babatynda ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga mümkinçilik bolan sport mekdepleri hereket edýär. Biz sportsöýüji ýaşlara sportuň saglyga edýän täsiri barada giňişleýin gürrüň berýäris. Şeýle hem şu günler howada tozan bölejikleriniň agdyklyk edýän döwründe lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýerilmelidigini — agyz-burun örtüklerini dakynmagy, birek-birek bilen 2 metr aralygy saklamagy, üzärligi öýde we iş otaglarynda wagtal-wagtal tütedilmelidigini yzygiderli nygtaýarys.

Türkmen sportunyň şöhraty

Günsaýyn özgerýän we kuwwatlanýan berkarar Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine uly ähmiýet berýär. Muny halkara derejesinde bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmäge, onuň hatarlaryna dürli ýaşdaky adamlary çekmäge gönükdirilen çäreler hem aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Soňky sanlyja ýyllaryň içinde eziz Diýarymyzda häzirki zaman stadionlary, sport toplumlary we mekdepleri, beýleki köp sanly sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Ak mermerli paýtagtymyzda bolsa, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruldy. Sport, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň onlarçasyny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň merkezine öwrüldi. Şonda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenler, sport žurnalistleridir hünärmenleri, beýleki myhmanlar Olimpiýa şäherçesiniň giň mümkinçiliklerine haýran galdylar. Mundan başga-da, bu şäherçede halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlaryň başga-da birnäçesi geçirildi. Bu bolsa, Aşgabadyň sport merkezi hökmündäki şöhratyny has-da dabaralandyrdy.

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy

Saglygy başynyň täjine deňeýän halkymyzyň hiç haçan gadyr-gymmatyny ýitirmedik ýol-ýörelgesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlyklara beslenýändiginiň şaýady bolmak buýsanjymyzy artdyrýar. Munuň şeýle bolmagynyň gözbaşynda «Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. ªoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirýäris» diýmek bilen, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýedir sportuň halkymyzyň gündelik durmuş kadasyna öwrülmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň durýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň baş saglygyny gorap saklamaga, bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýandygy, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge, türgenleşikleri ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berýän sport desgalarynyň hatarynyň artýandygy ýurdumyzda geljekde-de bu ugurda üstünlikleriň gazanyljakdygyny görkezýär.

Gadamy batly bedewler

Düýn, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygynyň şanyna bezenip-beslenen elwan ýazyň toýly güni Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy geçirildi. Welaýat merkeziniň etegindäki gözel künjege görk berip oturan döwrebap atçylyk toplumynda geçirilen ýazky at çapyşygy bäş tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we ulyýaşar atlaryň 50-si gatnaşdy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlaryň ählisi-de aýlawda özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler. Pellehana ilkinji gelen behişdi bedewlere serpaýlar ýapylyp, ezber çapyksuwarlara sylaglar gowşuryldy. Tebigy gözellige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşygy köp sanly tomaşaçylar üçin ýatda galyjy pursatlara baý boldy.

Atçylyk we atly sportuň hukuk esaslary

Döwletimizde atçylygy we atly sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döretmek bilen bir hatarda, onuň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga degişli kanunlar kabul edilýär. Ýurdumyzda 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny atçylyk sportunyň kanunçylyk binýadyny kepillendirýär. Bu Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem atlar köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan ýagdaýlary düzgünleşdirýär. Şu ýylyň 13-nji martynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Türkmen sporty jahana ýaň salýar

Parahatçylygy we ynanyşmagy, belent maksatly ösüşleri üpjün etmekde ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmeklige, ýokary derejeli Halkara sport çäreleriniň geçirilmegine giň gerim berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy uly ösüşlere beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty we tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Geljek ýylda bolsa ýurdumyzda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Üstünliklere beslenýän ýylymyzyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesine baryp, geçirilmegi bellenilen iri halkara ýaryşlaryna görülýän taýýarlyk işleri we türgenleşikleriň barşy bilen tanyşmagy ähli türkmenistanlylaryň göwünlerini ganatlandyryp, uly üstünliklere ruhlandyrdy.

Sport

Kämillik ugrunda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda sportuň ýurt derejesinde ösüp, ýaş nesliň sporta bolan höwesiniň artýandygynyň şaýady bolýarys. Ösüşiň aýdyň ýoluna düşen gözel Diýarymyzda sport we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Bu günki gün biz — ýaşlaryň saglygymyzy berkitmegimiz we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagymyz üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi türgenlerimiziň öz ukyp-başarnyklaryny durmuşa ornaşdyrmagyna ýardam edýär.

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ MÖHÜM ŞERTI

Bedenterbiýe we sport Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Watanymyzy sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurduna öwren hormatly Prezidentimiziň: «Men adam hakyndaky aladalary bedenterbiýe we sport babatda döredilen esasy şertleriň, şolar esasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi bilen bitewülikde görýärin» diýen sözleri hem munuň aýdyň tassyklanmasydyr. Mähriban Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly gymmatly kitaplaryň her birinde hem ynsanyň baş baýlygy bolan saglygy goramakda sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýetiniň örän ýokarydygy nygtalyp geçilýär. Müdirligimiziň işgärleriniň arasynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde şular dogrusynda giňişleýin söhbet edilýär. Zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak ündelýär. Şol çärelerde edilýän çykyşlaryň özenini döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleriniň düzýändigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr.

Sport — ruhubelentligiň gözbaşy

Ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Raýatlaryň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Esasan hem, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, saýlap alan sport görnüşi boýunça kämilleşmekleri üçin ähli oňaýly şertler döredilýär. Şol maksat bilen, dynç güni Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň bilim ministrliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi guraldy. «Bedenterbiýe we sportda Arkadagyň ýoly bilen!» ady bilen geçirilen çäräniň sport bäsleşikleri bilen utgaşmagy bolsa ýaşlaryň ruhubelentlik duýgusyny artdyrdy. Olaryň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Adyň alyslarda aýdym, Aşgabat

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça köp işler edildi. Özboluşly binalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, oklaw ýaly köçelerdir şaýollar, gözel seýilgähler, ajaýyp ýadygärlik toplumlary baş şäherimiziň görküne-görk goşýar. Ony Gündogaryň merjen şäherine öwürýär. Şeýle bolansoň, paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Sport syýasatynyň gadamlary

Üstünligiň gözbaşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň öňe süren sport syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çar künjeginde hereket edýän döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany artýar.

Bagtyýarlyk döwrüniň talyplary

Ýakynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna esaslanylyp, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik guraldy. Bäsleşikde emin agzalarynyň adalatly baha bermekleri netijesinde sportuň daş götermek ugry boýunça 1-nji orna Mekan Aşyrow, 2-nji orna Ysmaýyl Wepalyýew, 3-nji orna Yslam Şetdalyýew, tennis görnüşi boýunça 1-nji orna Gowşut Çarymyradow, 2-nji orna Ahmet Bäşow, 3-nji orna Wepa Myradow, gimnastikanyň brus görnüşi boýunça 1-nji orna Begmyrat Öwezgeldiýew, 2-nji orna Orazmyrat Salyhow eýe bolmagy başardylar. Timur HYDYROW.