Ajap eýýamymyzda adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen halkyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurt Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen il-gün bähbitli meseleleriň çözgüdine badalga berýär. Ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerime eýe bolmagyny gazanmak şol wezipeleriň özenini düzýär.
Biziň sport mekdebimizde ýaşlaryň onlarçasy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar. Olara tejribeli tälimçiler tälim berip, türgenler saýlan görnüşleri boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Mekdebimizde bolsa, ezber türgenleri ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler bar. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýaş türgenlerimiziň ussatlyga ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýäris. Geçen ýyllaryň ýaryşlarynda ýaş türgenlerimiziň şowly çykyşlary yhlas-tagallalarymyzyň ýerine düşýändigine güwä geçýär. Guwançly ýerem, soňky ýyllarda sport bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň artýanlygydyr. Bu bolsa ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sagdyn durmuşyň ygtybarly kepilidir.