Tagalla edýäris

12 Maý 2021
1429

Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda saglygymyzy goramak babatynda birnäçe işler alnyp barylýar.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygymyzy berkitmegiň esasy girewi bolup durýar. Bu babatynda ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga mümkinçilik bolan sport mekdepleri hereket edýär. Biz sportsöýüji ýaşlara sportuň saglyga edýän täsiri barada giňişleýin gürrüň berýäris. Şeýle hem şu günler howada tozan bölejikleriniň agdyklyk edýän döwründe lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýerilmelidigini — agyz-burun örtüklerini dakynmagy, birek-birek bilen 2 metr aralygy saklamagy, üzärligi öýde we iş otaglarynda wagtal-wagtal tütedilmelidigini yzygiderli nygtaýarys.