Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Baýramaly şäherindäki sport mekdebinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ýörelgeler ösdürilýär. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimiz üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä ýaýmakda biziň ýaş türgenlerimiz hem mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Türgenlerimiziň gazanjak ýeňişleri ata Watanymyzyň sport abraýyny dünýä ýaýjakdygyna ynanýarys.