Beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejesinde ýaryşlar yzygiderli geçirilip, ussat türgenleriň ýüze çykmagyna giň mümkinçilik döredilýär. Milli Liderimiziň özleri hakyndaky aladalary bilen gurşalýan ýaşlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda guralýan çärelere, bäsleşiklere ýokary guramaçylykly gatnaşýarlar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanyljak ýylynda biziň sport mekdebimiziň tälimçileridir mugallymlary hem sporty ösdürmeklige goşantlaryny goşýarlar. Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça meşgullanmaga höwesek türgenleriň sanynyň artýandygy guwandyrýar. Olara agyr atletika boýunça tejribeli tälimçi Döwran Orazdurdyýew yzygiderli tälim berýär.