"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Welosiped sporty barada belli seneler

1. Ilkinji welosiped 1817-nji ýylda iki tigirli iteklenip sürülýän görnüşde peýda bolýar. 2. 1868-nji ýylda ilkinji gezek Parižde 2000 metr aralykda resmi ýaryş geçirilýär.

Halkymyzyň hemrasy

Ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şeýle çäreler ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga we welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda welosiped sporty ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir. Daşky gurşawy goramak we gözel tebigatymyzy aýawly saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem-de welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr. Adamzat indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ekologiýa taýdan arassa, hereketlendirmesi ýönekeý, howpsuzlyk taýdan ygtybarly welosipedi ulag serişdesi hökmünde peýdalanýar. Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Awtomobiliň welosipede çalşylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ynsan saglygy, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bu ulagyň biziň ýurdumyzda sanynyň köpelmegi, ýaşlaryň arasynda welosipede bolan höwesiň artmagy onuň meşhurlygyny barha ýokarlandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy

Sagdynlyga we ruhubelentlige çagyryş

Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Emma adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketleriň hersiniň aýratyn täsiriniň bardygy-da bellärliklidir. Olaryň iň peýdalylarynyň biri-de tigir sürmekdir. Welosiped sporty bilen meşgullanmak, esasan hem, aýagyň dyz we daban bölekleriniň işjeňliginiň artmagyna, oňurga süňkleriniň hereketde bolmagyna, myşsalaryň kadaly işlemegine oňaýly täsir edýär. Galyberse-de, bu peýdaly endik adamyň ýürek-damar gan aýlanyşygynyň we dem alyş ýollarynyň has-da gowulanmagyna, süýji keseliniň döremek howpunyň ep-esli derejede azalmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Welosiped sporty öz taryhyny XIX asyryň başlaryndan alyp gaýdyp, ony gündelik durmuşda hemişelik endige öwrenleriň sany soňky ýyllarda görnetin artdy. Biz bu hakykaty sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip yglan edilen güneşli Türkmenistanyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Çünki ýurdumyzda welosiped sporty bilen halk köpçüliginiň giňden meşgullanmagy, sportuň bu görnüşiniň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Sportuň arassa hem peýdaly görnüşi

Ir säherde welosiped sporty bilen meşgullanyp, türkmen tebigatynyň gözelliklerine syn etmek juda ýakymly. Teleýaýlym arkaly Gahryman Arkadagymyzyň dagyň gerişlerini etekläp oturan ajaýyp tebigatly Aşgabadyň tekiz ýollarynda welosiped sporty bilen meşgullanýandygyny göreniňde, göwnüň göterilýär. Şol pursat islendik ynsanyň ekologiýa taýdan arassa sport bilen meşgullanmaga bolan höwesini artdyrýar. Milli Liderimiziň sportuň ähli görnüşleri bilen ussatlarça meşgullanmagy biziň üçin nusgalyk göreldedir. Güneşli Watanymyzda welosiped sportuna uly üns berilýär. Milli Liderimiziň asylly başlangyjyny goldap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi hem welosporty sazlaşykly ösdürmäge oňyn mümkinçilikleri döredýär. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri hökmünde ol dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Welosiped sürmek bedeniň taplanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine we gan basyşynyň durnukly saklanmagyna, şeýle-de bogunlaryň işjeňligine ýaramly täsir etmek bilen, ekologiýa birjik-de zyýan ýetirmeýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde ýurdumyzda welosiped sportunyň tarapdarlarynyň sany barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, aýratyn-da, welosiped sporty bilen meşgullanmakda bize nusgalyk göreldediginiň aýdyň netijesidir. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesin

Sagdynlygyň sakasy

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Bu çözgüdiň Gahryman Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen kabul edilmegi, dünýä bileleşigine girýän döwletleriň 56-synyň oňa awtordaş hökmünde çykyş etmegi bolsa Türkmenistan döwletimiziň, Arkadag Prezidentimiziň milli we, umuman, halkara sportunyň, şol sanda welosiped sportunyň ösdürilmegine örän uly goşant goşýandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ösýändigini äşgär edýär. Dünýä bileleşiginiň iň abraýly guramasynyň şeýle çözgüdi kabul etmeginiň yzýany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda” Permana gol çekdi. Bu waka Arkadag Prezidentimiziň hut özüniň görelde bolmagynda ýurdumyzda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň barha giň gerim alýandygynyň, Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga, sagdynlygyň sakasy bolan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni yzygiderli ösdürmäge, şonuň netijesinde her bir raýatyň saglygyny goramaga, berkitmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Ykbalyny sporta baglan serhetçi türgen

1993-nji ýylyň 17-nji fewraly. Lebap welaýatynyň Saýat etraby. Ir säheriň buşluk habary Remezan aganyň hem-de Zybagül gelnejäniň agzybir maşgalasynyň gapysyndan bagt bolup ätledi. Olaryň agzybir ojagynda ýaňlanýan bäbejigiň jägildi sesi bagtly maşgalanyň şowhunyny has-da artdy. Mähriban ojagyň gujagy baky bagtyýarlyga beslenip, daşarynyň mymyk şemaly, onuň ugruna agaçlaryň şahalarynyň ygşyldaýyşlary, guşjagazlaryň ganat kakyşlary edil buşlukçy sazyň şanyna tans edýäne meňzeýärdi. Säher bilen dünýä inen gyzjagaza uly arzuwlar, ýagşy umytlar bilen «Maýa» diýip at dakdylar. Günler aýlara, aýlar ýyllara gol berip geçip durdy. «Iki aýakly iki günde» diýlişi ýaly, Maýajyk okuw ýaşyny dolduryp, ak mekdebiň bosagasyndan ätledi. Mekdep durmuşy, mugallymlarynyň öwredýän sapaklary onuň üçin gyzyklydy. Ol özüniň bilesigelijiligi, zehinliligi, ukyp-başarnygy bilen mekdep mugallymlaryna-da özüni aldyrmagy başardy. Bir gezegem ak kagyzyň ýüzüne sport toplumda türgenleşýän bir gyzjagazyň suratyny çekip: «Menem şular ýaly türgen boljak!» diýip, boýunjagazyny burup, kakasyna özüni sport mekdebine türgenleşige äkitmegi haýyş edipdi. Kakasy Maýajygyň höwesini gijikdirmän, ony öýleriniň golaýyndaky sport mekdebine alyp barýar. Remezan aga sport mekdebiniň türgeni Aman Ýagmyrow bilen hal-ahwal soraşyp, gyzynyň woleýbol oýnamaga höwesiniň bardygyny aýdyp, oňa tälimçilik etmegini haýyş edýär.

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän peýdalydygy bilen ähli ýaşdaky watandaşlarymyzyň ünsüni çekýär.

Saglygy berkitmegiň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek bilen baglanyşykly Kararnamanyň kabul edilmegi netijesinde, bu sene her ýyl ajaýyp baýramçylyk hökmünde giňden bellenip geçilýär. Habarçymyz bu senäniň taryhy ähmiýeti we welosiped sportunyň ynsan saglygyna peýdasy barada degişli hünärmenleriň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy. Biz hem öz gezegimizde ildeşlerimiziň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Allaýar SYTDYHOW, Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, sport weterany:

«Çelsi» toparynyň üstünligi

Geçen hepdäniň şenbe gününde Portugaliýanyň Portu şäheriniň «Dragau» stadionynda Ýewropa yklymynyň iň abraýly futbol ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň final oýny geçirildi. Duşuşykda Angliýanyň futbol toparlary «Çelsi» bilen «Mançester Siti» özara güýç synanyşdylar. Angliýanyň futbol toparlarynyň birbada ikisiniň Çempionlar ligasynyň final duşuşygynda çykyş etmegi bu ýaryşyň taryhynda eýýäm üçünji gezekdir. Ilkinji gezek bu ýurduň wekilleri 2008-nji ýylda Moskwa şäherinde duşuşypdy. Şonda «Çelsi» topary «Mançester Ýunaýted» toparyndan oýundan soňky jerime urgularynyň netijesi boýunça ýeňlipdi. Iki ýyl mundan öň bolsa «Liwerpul» bilen «Tottenhem» ýaryşyň aýgytlaýjy oýnunda duşuşypdylar. Şonda «Liwerpul» ýaryşyň ýeňijisi bolupdy. Çempionlar ligasynyň şu ýylky ýeňijisi hem iki sany iňlis toparlarynyň duşuşygynyň netijesinde mälim boldy.

«Bagtyýarlykda» geçen bäsleşik

Golaýda paýtagtymyzdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynda küşt meselelerini çözmek boýunça bäsleşik geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna hem-de Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bäsleşikde ýaş küştçüleriň 70-den gowragy dürli görnüşli küşt göçümleriniň üsti bilen meseleleri çözmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça, oglanlaryň arasynda Muhammetaly Merdanow, Baýram Hommadow, Artýom Kolosow öňdeligi eýelediler. Gyzlaryň arasynda Mariýa Weşýolkina 1-nji, Mährijemal Gurbanmyradowa 2-nji, Tumar Allaberdiýewa 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere «Bagtyýarlyk» sport toplumy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Nesil saglygy ― milletiň sagdynlygy

Ynsany ynsana, goňşyny goňşa, döwleti döwlete ýakynlaşdyrýan sport parahatçylygyň ilçisi diýlip bireýýam ykrar edilendir. Ýaşlaryň sporty köpçülikleýin saýlap almaklarynyň özi hem guwandyryjy hakykatdyr. Sportuň haýsy görnüşini alanyňda hem türgenleriň, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimizden görelde alýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Milli Liderimiziň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekdäki, ony kämilleşdirmekdäki şahsy göreldesi ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli, gujurly, ruhubelent, päk ahlakly, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerine itergi berýär. Biz hem işjeň agzalarymyz hem-de etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen bilelikde ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda ýetginjekleriň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary yzygiderli geçirmäge uly ähmiýet berýäris. Ýakynda şeýle sport ýaryşlarynyň birnäçesini geçirdik. Oňa etrabymyzyň Seýdi, Dänew şäherlerindäki we Garaşsyzlyk şäherçesindäki sport mekdeplerine gatnaýan türgenler gatnaşdylar. Dzýu-do, sambo, agyr atletika, futbol we el pökgüsi boýunça geçirilen bu sport ýaryşlarynda ýaşlar öz aralarynda güýç synanyşyp, ukyp-başarnyklaryny aýdyňlyk bilen açyp görkezdiler. Üstünlikli çykyş eden türgenler etrap geňeşimiz tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar. Etrabymyzyň ýaşaýjylary halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaşlarymyzyň kämil bilim almaklary hem-de spo

Päl­wan gy­zyň üs­tün­lik­le­ri

Ýaş tür­gen, Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ag­za­sy, Türk­me­na­bat şä­he­ri­ndäki 10-njy sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na özü­niň aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri bi­len sow­gat­ly bar­ýar. Ol ýa­kyn­da Bü­tin­dün­ýä Mil­li sport oýun­la­ry­nyň 4-nji mas­la­ha­tyn­da ýö­ri­te baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de tür­gen­le­re «Mil­li sport baý­rak­la­ry» at­ly baý­rak­la­ryň top­lu­my hem gow­şu­ryl­dy. Türkiýäniň Trab­zon şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä mil­li sport oýun­la­ry kon­fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyň çä­gin­de 55 döw­le­tiň saý­la­ma tür­gen­le­ri­niň dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da, Azi­ýa oýun­la­ryn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne, de­re­je­si­ne gö­rä ba­ha be­ril­di. Ola­ryň ara­syn­da türk­men mil­li gö­re­şi, ku­raş, alyş gö­re­şi, gu­şak­ly gö­re­şiň nus­ga­wy gör­nü­şi bo­ýun­ça ök­de tür­gen Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa­nyň hem ady­nyň tu­tul­ma­gy buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy. Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa 1997-nji ýyl­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­de eneden dogulýar. 10 ýa­şy­na ga­dam ba­san­da eje­si­niň golt­gy ber­me­gin­de Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 11-nji sport mek­de­bin­de gö­reş bo­ýun­ça Hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy Şi­rin Ku­ba­ýe­wa­dan tä­lim alyp baş­la­ýar. Ol sam­bo, dzýu-do, gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça yzy­gi

Ýazky at çapyşyk möwsümi tamamlandy

Ýatda galyjy dabara Geçen dynç güni Mary atçylyk sport toplumy baýramçylyk toý dabarasynyň geçýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Sport — saglygyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýatynyň, esasan-da, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagynda tutumly işler alnyp barylýar. Etrabymyza Arkadag Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen täze sport mekdebinde hem sportuň dürli görnüşleri boýunça geçilýän türgenleşikler, döwrebap sport enjamlarynyň hereketde bolmagy tälimçileriň türgenlere uly höwes bilen yhlas etmeklerine ýol açýar. Sport we ýaşlar syýasaty bölümimiziň tälimçileri ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolup, ýetişmeklerini, olaryň ýaşlykdan sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň ýaşaýyş kadalaryna öwürmeklerini gazanýarlar. Hut şeýle bolansoň, hem türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ussatlyklaryny artdyrýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly köp işler alnyp barylýar. Yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip, her bir türgeniň öz saglygyny gorap, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipelere goşant goşmagynyň şu günki günde jogapkärli iş bolup durýandygy düşündirilýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin, şahsy arassaçylygy berjaý etmelidigi barada lukmanlarymyz geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde yzygiderli maslahat berýärler. Arassaçylyk kadalaryny berk berjaý edip, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak bilen, 2 metr aralygy saklap, ellerimizi yzygiderli sabynlap, ýuwup durmaly. Ynsan üçi

Welosiped sporty

Berkarar Watanymyzda sport-sagaldyş hereketleriniň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösüşine uly üns gönükdirilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň bina edilmegi netijesinde ildeşlerimiziň arasynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Bu gün ýurdumyzda sportuň beýleki birnäçe görnüşi ýaly, welosiped sportunyň meşhurlygy hem ýokarlanýar. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de, döwlet Baştutanymyzyň özüniň welosiped sporty bilen ýakyndan meşgullanmagydyr we sportuň bu görnüşini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezmegidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň, şeýle-de paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde «Welosiped» binasynyň gurulmagynyň gözbaşynda hem welosiped sportuna örän uly ähmiýetiň berilýändigi bilen baglanyşykly hakykat durandyr. Şonuň bilen baglanyşykly, indi birnäçe ýyldan bäri Bütindünýä welosiped güni güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýär we şol gün köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir gezelençler guralýar.

Ýüwrük aýlawda belli

Türkmen halysynyň baýramy bu ýyl Mary welaýatynyň bagtyýar raýatlary üçin goşa toý, goşa şatlyk bolup geldi. Şol gün Mary atçylyk sport toplumynda at çapyşyklarynyň ýazky möwsüminiň tamamlaýjy tapgyrynyň geçirilmegi welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň, köp sanly atşynaslaryň hem-de janköýerleriň toý şatlygyny has-da artdyrdy. Bu ýere gelen ildeşlerimizi, ilki, welaýatyň medeniýet, sungat, kitaphana we muzeý işgärleri, amaly-haşamdyr şekillendiriş sungatynyň ussatlary özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlarydyr sergileri bilen garşyladylar.

Bilegi — zor, zehini — zer

Okamak, öwrenmek we döretmek üçin ajaýyp şertler döredilip berlen eziz Diýarymyzda ähli ugurlar babatynda ukyp-başarnyklaryny we zehinini açmagy başarýan ýaşlar özleriniň köptaraplylygy bilen tapawutlanýarlar. Sportda üstünlik gazanýan ýaş türgenleriň arasynda döredijilik ukyplylary hem az däl. Mekdeplerde hereket edýän dürli ugurly gurnaklar bolsa Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetnur Annamuhammedow ýaly zehinli ýaşlaryň kämilleşmegi üçin goldaw merkezi bolup durýar. Ýedi ýyl bäri sportuň karate-do görnüşinden birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezmegi başaran Muhammetnuruň gazanýan üstünliklerinde onuň tälimçisi «Gara guşak» 1-nji danyň eýesi Amangeldi Bäşimowyň hyzmaty uludyr. Ýaş türgen 2015-nji ýylda welaýat derejesinde 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orny eýelemegi başardy. 2016-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň açyk çempionatynda «şahsy kata» boýunça 3-nji orna, şol ýylda ýene-de ýetginjekleriň arasynda welaýat derejesinde geçirilen şahsy tutluşykda 2-nji orna eýe boldy. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň açyk çempionatynda görkezen tehniki taýýarlygy, gowy emelleri we ýeňşe bolan erki üçin Kuboga mynasyp boldy. Ýokarda agzalan üstünlikli netijelerden başga-da, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen açyk çempionatlaryň ýeňijisi bolan Muhammetnuruň iň esasy üstünligi Türk

Küştçi doganlar

Garşydaşyň hüjümini öňünden bilmek, çalt we takyk pikirlenmek ýaly häsiýetleri terbiýeleýän küşt oýnuna höwesleriniň bardygyny aňan ene-atasy perzentleriniň ýörite hünärmenlerden tälim almaklaryny makul bilýärler. Höweslendiriji ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup başlan doganlar sportuň bu görnüşi bilen içgin gyzyklanyp, türgenleşiklere uly höwes bilen gatnaýarlar. Ussat tälimçi Aýnur Isaýewadan bu oýnuň inçe usullaryny öwrenip başlaýarlar. Doganlar öýlerine gelenlerinde-de küşt göçümleri barada pikir alşyp, bilýänlerini bir-birine öwredýärler. Şeýdip, başarjaňlyk basgançaklaryny külterleýän doganlar Perwana, Nurana we Ybraýym Serdarowlar dürli ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Arzyly ýaryşyň ýeňijisi

Hepdäniň çarşenbe güni Polşanyň Gdansk şäherinde abraýly futbol ýaryşlarynyň biri bolan Ýewropa Ligasynyň final oýny geçirildi. Aýgytlaýjy ýaryşda Ispaniýanyň «Wilýarreal» topary bilen Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» topary duşuşdy. Gyzykly hem çekeleşikli geçen duşuşykda ispanlaryň topary ilki bolup hasaby açdy. Oýnuň 29-njy minutynda Žerar Moreno tapawutlandy. Duşuşygyň 55-nji minutynda «Mançester Ýunaýted» toparynyň urugwaýly hüjümçisi Edinson Kawani hasaby deňlemegi başardy. Bu deň hasap duşuşygyň esasy wagtyna çenli saklanyp galdy. Goşmaça berlen wagtda hem hasap üýtgemänsoň, emin ýeňijini belli etmek üçin oýundan soňky jerime urgularyny yglan etdi.

Ezber hem erjel pälwan

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlary ruhubelentligiň we sagdynlygyň çeşmesi bolan sporta çekmäge çynlakaý üns berilýär. Munuň üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler hem-de amatly şertler döredilýär. Biz hem döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli wezipelerinden ugur alyp, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýäris. Edýän tagallalarymyzyň netijesinde ussatlyga dalaş edýän türgenleriň sany barha artýar. Şeýle türgenleriň arasynda Seýit Begmyradow hem bar. Ol geljegine uly umyt bildirilýän ýaş pälwanlaryň biridir. Seýit etrabymyzdaky 24-nji orta mekdepde okamak bilen birlikde 2015-nji ýyldan bäri biziň sport mekdebimiziň milli göreş toparyna gatnaýar. Ýaş türgenlere birinji derejeli ussat tälimçi Jumamyrat Ereşow tälimçilik edýär. Onuň şägirtleriniň arasynda Seýit aýratyn tapawutlanýar. Ol geçen ýyllarda 62 kilogram agram derejesinde milli göreş, şeýle-de guşakly göreş boýunça welaýatymyzyň çempiony boldy. Seýit Begmyradow 2019-njy ýylda guşakly göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýurt birinjiliginde ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň çempiony boldy.