Päl­wan gy­zyň üs­tün­lik­le­ri

31 Maý 2021
1380

Ýaş tür­gen, Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ag­za­sy, Türk­me­na­bat şä­he­ri­ndäki 10-njy sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­na özü­niň aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri bi­len sow­gat­ly bar­ýar. Ol ýa­kyn­da Bü­tin­dün­ýä Mil­li sport oýun­la­ry­nyň 4-nji mas­la­ha­tyn­da ýö­ri­te baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de tür­gen­le­re «Mil­li sport baý­rak­la­ry» at­ly baý­rak­la­ryň top­lu­my hem gow­şu­ryl­dy. Türkiýäniň Trab­zon şä­he­rin­de Bü­tin­dün­ýä mil­li sport oýun­la­ry kon­fe­de­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyň çä­gin­de 55 döw­le­tiň saý­la­ma tür­gen­le­ri­niň dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da, Azi­ýa oýun­la­ryn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne, de­re­je­si­ne gö­rä ba­ha be­ril­di. Ola­ryň ara­syn­da türk­men mil­li gö­re­şi, ku­raş, alyş gö­re­şi, gu­şak­ly gö­re­şiň nus­ga­wy gör­nü­şi bo­ýun­ça ök­de tür­gen Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa­nyň hem ady­nyň tu­tul­ma­gy buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bi­ri bol­dy.

Di­na­ra Hal­ly­ýe­wa 1997-nji ýyl­da Türk­me­na­bat şä­he­rin­de eneden dogulýar. 10 ýa­şy­na ga­dam ba­san­da eje­si­niň golt­gy ber­me­gin­de Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 11-nji sport mek­de­bin­de gö­reş bo­ýun­ça Hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy Şi­rin Ku­ba­ýe­wa­dan tä­lim alyp baş­la­ýar. Ol sam­bo, dzýu-do, gu­şak­ly gö­reş bo­ýun­ça yzy­gi­der­li tür­gen­leş­ýär. Di­na­ra il­kin­ji ge­zek Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da 36 ki­log­ram ag­ram­da çy­kyş edip, baý­rak­ly or­ny eýe­leýär. Öz er­jel­li­gi­ni gör­kez­me­gi ba­şa­ran ýaş tür­gen wag­tyň geç­me­gi bi­len di­ňe bir döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ra däl-de, eý­sem, dün­ýä de­re­je­li ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­ga-da hu­kuk ga­zan­ýar. 2011-nji ýyl­dan bä­ri Di­na­ra ýur­du­my­zyň çägin­den da­şar­lar­da-da üs­tün­lik­li çy­kyş edip gel­ýär.

Gö­zel GYLYJOWA,
ýö­ri­te ha­bar­çy­myz.