Sagdynlygyň sakasy

2 Iýun 2021
1362

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Bu çözgüdiň Gahryman Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen kabul edilmegi, dünýä bileleşigine girýän döwletleriň 56-synyň oňa awtordaş hökmünde çykyş etmegi bolsa Türkmenistan döwletimiziň, Arkadag Prezidentimiziň milli we, umuman, halkara sportunyň, şol sanda welosiped sportunyň ösdürilmegine örän uly goşant goşýandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ösýändigini äşgär edýär.

Dünýä bileleşiginiň iň abraýly guramasynyň şeýle çözgüdi kabul etmeginiň yzýany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda” Permana gol çekdi. Bu waka Arkadag Prezidentimiziň hut özüniň görelde bolmagynda ýurdumyzda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň barha giň gerim alýandygynyň, Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga, sagdynlygyň sakasy bolan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni yzygiderli ösdürmäge, şonuň netijesinde her bir raýatyň saglygyny goramaga, berkitmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir subutnamasy boldy.