Sagdynlyga we ruhubelentlige çagyryş

2 Iýun 2021
1112

Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Emma adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketleriň hersiniň aýratyn täsiriniň bardygy-da bellärliklidir. Olaryň iň peýdalylarynyň biri-de tigir sürmekdir. Welosiped sporty bilen meşgullanmak, esasan hem, aýagyň dyz we daban bölekleriniň işjeňliginiň artmagyna, oňurga süňkleriniň hereketde bolmagyna, myşsalaryň kadaly işlemegine oňaýly täsir edýär. Galyberse-de, bu peýdaly endik adamyň ýürek-damar gan aýlanyşygynyň we dem alyş ýollarynyň has-da gowulanmagyna, süýji keseliniň döremek howpunyň ep-esli derejede azalmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär.

Welosiped sporty öz taryhyny XIX asyryň başlaryndan alyp gaýdyp, ony gündelik durmuşda hemişelik endige öwrenleriň sany soňky ýyllarda görnetin artdy. Biz bu hakykaty sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip yglan edilen güneşli Türkmenistanyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Çünki ýurdumyzda welosiped sporty bilen halk köpçüliginiň giňden meşgullanmagy, sportuň bu görnüşiniň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.