Sport — saglygyň kepili

31 Maý 2021
1275

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir raýatynyň, esasan-da, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagynda tutumly işler alnyp barylýar. Etrabymyza Arkadag Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen täze sport mekdebinde hem sportuň dürli görnüşleri boýunça geçilýän türgenleşikler, döwrebap sport enjamlarynyň hereketde bolmagy tälimçileriň türgenlere uly höwes bilen yhlas etmeklerine ýol açýar. Sport we ýaşlar syýasaty bölümimiziň tälimçileri ösüp gelýän ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolup, ýetişmeklerini, olaryň ýaşlykdan sagdyn durmuş ýörelgelerini özleriniň ýaşaýyş kadalaryna öwürmeklerini gazanýarlar. Hut şeýle bolansoň, hem türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ussatlyklaryny artdyrýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly köp işler alnyp barylýar. Yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip, her bir türgeniň öz saglygyny gorap, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipelere goşant goşmagynyň şu günki günde jogapkärli iş bolup durýandygy düşündirilýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin, şahsy arassaçylygy berjaý etmelidigi barada lukmanlarymyz geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde yzygiderli maslahat berýärler. Arassaçylyk kadalaryny berk berjaý edip, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak bilen, 2 metr aralygy saklap, ellerimizi yzygiderli sabynlap, ýuwup durmaly. Ynsan üçin müň derdiň dermany bolan üzärligi wagtly-wagtynda tütedip, otaglary ýelejiredip durmaly.